Dünýäde ençeme wagtlap dowam eden, emma soňra bitirilmän galan romanlar, hekaýalar, suratlar, hatda binalar hem bar. Olar bilen tanyş bolmak siziň üçin hem gyzykly bolsa gerek?! Geliň onda şolara ser salalyň.
- Jorj Waşingtonyň 1 dollarlyk banknotyň ýüzündäki portreti
1796-njy ýylda Jorj Waşingtonyň islegi bilen suratkeş Gilbert Stýuart bir dollarlyk banknotyň ýüzüne onuň suratyny çekýär. Suratkeş çeken suratyny prezidente tabşyrsa-da, surat doly tamamlanmaýar. Munuň sebäbi şol surat çekilende suratkeş agyr kesele duçar bolýar we suraty Jorj Waşingtona tabşyranyndan birnäçe gün geçenden soň aradan çykýar. Soňra suraty tamamlamak onuň gyzyna miras galýar. Emma ol hem suraty tamamlamanka aradan çykýar. Bu surat wagtyň geçmegi bilen Bostondaky Atenium kitaphanasy tarapyndan satyn alynýar. Häzirki wagtdaky 1 dollarlyk banknotyň ýüzündäki şekil şol kitaphananyň saýlan grawýurasydyr.
- Frenklin Ruzweltiň tamamlanmadyk portreti
1945-nji ýylyň 12-nji aprelinde Elizabet Şoumatof atly suratkeş Frenklin Ruzweltiň portretini çekmäge başlaýar. Şol gün ABŞ-nyň prezidenti bolan Frenklin Ruzwelt güýçli kellagyrydan şikaýat edýändigi suratkeşe habar berilýär. Şol gün sagat 15:35-de lukman Frenklin Ruzweltiň beýni ganamasyndan aradan çykandygyny ýurda mälim edýär. Frenklin Ruzweltiň tamamlanmadyk portreti häzirki wagtda ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynda ýerleşýän Kiçi Ak öýde asylgy dur.
- Jefriý Çauseriň “Cunterburry” atly hekaýalary
Ýazyjy Jefriý Çauseriň “Cunterburry” ertekileri” diýlip hem atlandyrylýan hekaýalar toplumy iňlis edebiýatynyň esasy eserleriniň biri hasaplanýar. Bu hekaýalarda haj ýolagçylygyna çykmagy niýetleýän 30 sany ýolagçynyň başdan geçirmeleri beýan edilýär. Eserde wakalar Tabard diýlen kerwensaraýda başlanýar. Kerwensaraýyň ýolbaşçysy topara haja gidenlerinde ýolda her haýsysynyň 2, gaýdanlarynda hem her haýsysynyň 2 ertekini biri-birlerine aýdyp bermek bäsleşigini guramaklaryny maslahat berýär. Bu bäsleşigiň soňunda jemi 120 sany erteki jemlenýär. Emma eserde olar 24 sany we bu ertekileriň ýekejesi hem soňlanmaýar. Çauser 1400-nji ýylda aradan çykýança bu eseriniň üstünde uzak ýyllar işläpdir. Onuň ýazan bu eseri ýazyjynyň ölüminden soň neşir edilýär. Häzirki wagtda edebiýat tankytçylary ýazyjynyň bu eseriniň doly tamamlanmandygyny aýdýarlar.
- Jeýn Ostiniň “Sanditon” eseri
Dünýä taryhynda birnäçe meşhur ýazyjylar yzlarynda tamamlanmadyk eserler goýup aradan çykypdyrlar. Olaryň biri hem Jeýn Ostindir. Onuň “Sanditon” atly romany tamamlanman galýar. Ýazyjy bu eserini ýazmaga ölüminden birnäçe aý öň, has dogrusy, 1817-nji ýylyň mart aýynda başlaýar. Ostin eseriniň 11 bölümini ýazyp tamamlaýar. Emma ýazyjynyň tamamlanman galan bu eseri aradan 1 asyr geçenden soň neşir edilýär. Eserdäki wakalar Beýik Britaniýanyň Worting şäherindäki Sanditon atly şäherçede geçýär.
- Çarls Dikensonyň “Edwin Drudyň syry” eseri
Çarles Dikensiň “Edwin Drudyň syry” romany dünýädäki tamamlanmadyk eserleriň arasynda ýer alýar. Ýazyjy bu romany 12 bölüm etmegi meýilleşdirýär, emma onuň ýarysyny ýazanda aradan çykýar.
- Alehandro Ýodorowskiniň “Dune” multfilmi
Dünýädäki tamamlanmadyk eserleriň arasynda birnäçe filmler hem bar. Olaryň biri Frenk Herbertiň adybir romanyndan alnan “Dune” atly multfilmdir. Ýazyjy bu romanyny 1965-nji ýylda ýazýar. Soňra bu romany režissýor Alehandro Ýodorowski multfilme geçirýär. Režissýor filmi 1975-nji ýylda çekmäge başlaýar. Ýodorowski bu multfilm üçin 3000-den köp çyzgy çyzýar we film 10 sagatdan hem köp dowam etmegi meýilleşdirilýär. Emma wagt gereginden artyk bolandygy üçin bu multfilmi çekmek goýbolsun edilýär. Ahyrsoňy 1984-nji ýylda surrealist Dewid Linç bu eseri kino geçirýär. Kinoda baş rollary Timoti Çalamet we Oskar Isak oýnaýar. 1984-nji ýylda oýnalan kino 2021-nji ýylda tomaşaçylara ýetirilýär.
- “Cincinnati” metrosy
Dünýäde tamamlanmadyk eserler diňe ýazyjylar we filmler bilen çäklenmeýär. “Cincinnati” metrosy hem tamamlanmadyk binalara degişlidir. Bu metronyň gurluşygyna XX asyryň başlarynda başlanýar. Metro üçin birnäçe kilometr ýol gazylsa-da, metronyň çykdajysy artyk bolandygy üçin onuň gurluşygy ýarym galýar. Bu metro üçin 6 million dollar aýrylýar, emma I Jahan urşundan soň dünýäde inflýasiýanyň artmagy netijesinde metronyň çykdajylary hem artýar. 1920-nji ýylda bu metronyň gurluşygy doly bes edilýär.
- “Ylahy St.John” ybadathanasy
Dünýäde tamamlanmadyk binalaryň biri hem Manhettonyň “Morningside Heights” şäherçesinde ýerleşýän “Ylahy Eziz Jon” ybadathanasydyr. Ybadathananyň gurluşygy 1892-nji ýylda başlanýar. Bu binanyň arhitekti Wizantiýanyň arhitektine daýanýardy. Bu binanyň arhitektory bina gurluşygynyň 15-nji ýylynda aradan çykýar. Şondan soň birnäçe sebäpler göz öňünde tutulyp, binanyň gurluşygy wagtlaýynça togtadylýar. Soňra binanyň gurluşygynda maddy meseleler ýüze çykýar we 1941-nji ýylda gurluşyk bes edilýär. 2001-nji ýylda ybadathanada çykan ýangyn oňa uly zyýan ýetirýär. Häzirki döwrüň arhitektorlary binanyň diňe 2/3 böleginiň tamamlanandygyny takmyn edýärler.
- “Basilica de la Sagrada Familia” ybadathanasy
Barselonada ýerleşýän bu bina hem dünýädäki bitmedik meşhur ybadathanadyr. Ybadathananyň gurluşygyna mundan 1 asyr ozal başlanýar. Häzirki wagtda hem gurluşygy dowam edýän bu ybadathananyň 2026-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.
- Şotlandiýanyň “Milli ýadygärligi”
Dünýäde bitmedik eserler diýlende akla ilki Şotlandiýa gelýär. Şotlandiýanyň “Milli ýadygärligi” halk tarapyndan “milli masgaraçylyk” diýlip atlandyrylýar. Ýadygärligiň gurluşygyna başlananda onuň Gresiýadaky “Parthenon” ýadygärligine meňzemelidigi meýilleşdirilipdi. Emma gurluşykdaky käbir näsazlyklar sebäpli, bina hiç wagt ol ýadygärlige meňzedilip bilinmeýär. Ýadygärligiň gurluşygy 1822-nji ýylda başlanýar. 1829-njy ýylda ýadygärligiň diňe 12 sütüni gurulýar. Aradan 200 ýyl geçse-de, onuň şol öňküligine durandygyny görýäris. Bu ýadygärligiň gurulmagynyň maksady Napeleonyň söweşlerinde wepat bolan esgerleri hatyralamakdy. Emma gurluşykçylar iş haklarynyň diňe ýarysyny alyp bilýärler. Iş haklarynyň galan bölegini alyp bilmedik gurluşykçylar binanyň gurluşygyny bes edýärler.
- Çernobiliň 5-nji we 6-njy reaktorlary
Çernobil nuklear santralyndaky 4-nji belgili reaktorda 1986-njy ýylyň 26-njy aprelinde partlama bolýar. Çernobil peläketinde sanraldan 1 km uzaklykda ýerleşýän ýene 2 sany santral bardy. Resmi çeşmeleriň maglumatlaryna görä, peläket bolan gije hem santrallardaky 286 sany işçi işlerine dowam edýärler. Çernobil wakasy bolanda wagtlaýyn togtadylan santrallaryň gurluşygy aradan birnäçe aý geçenden soň ýene dowam etdirilýär. Gurluşyk tä 1987-nji ýylda Sowet Ministrleriniň mejlisiniň bu ýeri terk etmäge degişli alan kararyna çenli dowam edýär. Şol wagt 5-nji reaktoryň gurluşygynyň 70%-i tamamlanypdy. Häzirki wagtda bu tamamlanmadyk santrallar dünýäniň iň gorkunç binalaryndan biri hökmünde kabul edilýär.
Güljahan Beghanowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
iňlis dili mugallymy.