TEHNOLOGIÝA

Dünýäde ýylyň awtoulagy belli boldy

“Bütindünýä ýylyň awtoulagy” bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy. Bu ugurda geçirilen eminleriň ses bermeginiň netijesinde, “Hyundai Ioniq 5”  “dünýäde iň gowy ulag” diýlip yglan edildi. Şeýle hem bu ulag ýene-de 2 baýraga mynasyp boldy – olar: “Iň gowy elektrik awtoulagy” we “Iň gowy awtoulag dizaýny” baýraklaryny eýeledi.

“Bu abraýly baýraklary almak biziň üçin mertebedir. “Ioniq 5”, akylly hereketiň indiki neslini öňe sürenimizde biziň üçin möhüm tapgyry görkezýär. Ynkylapçy elektrik ulagymyz, dünýädäki daşky gurşawy goraýan we talap edýän sarp edijilere güýçli täsir etdi we bu üstünlik awtoulag pudagynyň elektrikleşdirilmegini çaltlaşdyrmaga kömek edýär “-diýip, “Hyundai Motor Company” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Dže Hun Çang belläp geçdi.

Günorta Koreýanyň bu ulagy dünýäniň iň gowy ulagy baýragyny gazanmak ugrunda “Ford Mustang Mach-E” we “Kia EV6” awtoulaglary bilen bäsleşdi.

 

Iki ýyldan soňra halkara awtobus gatnawyna başlady

 

Ýene-de okaň

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler