SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäde ilkinji emeli intellekt hassahana açylýar

Dünýädäki ilkinji emeli intellekt hassahanasy Hytaýda açylar. 14 robot lukmany bilen hassahana günde 3 müň hassany bejerip biler. Hassahanada hyzmat edýän diňe 1 robot lukmanyň birnäçe günüň dowamynda 10 müň näsaga seretmegi meýilleşdirilýär. Şu görkezijilere ýetmek üçin adam lukmany iki ýyldan gowrak işlemegi zerurdyr.

Pekindäki Sinhua uniwersitetiniň alymlary “Agent Hospital” adyndaky awtonom işleýän emeli intellekli hassahana taslamasynyň üstünde işleýär.

Bu hassahanany işläp düzmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Onuň şu ýylyň ikinji ýarymynda näsaglary kabul edip başlamagyna garaşylýar.

“Agent Hospital” hassahanasynyň ylmy-barlag toparynyň ýolbaşçysy Lýu Ýan “Global Taýms” neşirine beren beýanatynda emeli intellekt hassahanasynyň keselleri anyklamak we bejermek babatda lukmançylyk ulgamynda täze sahypany açjakdygyny belledi.

Emeli intellekt lukmanlary, şeýle hem esasy dem alyş ýollarynyň kesellerini öz içine alýan “MedQA” maglumatlar bazasynda (ABŞ-nyň lukmançylyk ygtyýarlandyryş synaglary soraglary) 93.06 göterim takyklyk derejesine ýetip bilerler.

Emeli intellekt hassahanasynda birnäçe dil usuly bilen goldanylan “akylly” enjamlar bilen dolandyrylan 14 lukman we şegatpat uýasy hyzmat eder.

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy