TEHNOLOGIÝA

Dünýäde 5G ulgamly iň arzan smartfon

Ýakynda Hytaýyň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “ZTE” kompaniýasy dünýäde iň arzan 5G ulgamy birikdirilen smartfonyny satuwa çykardy. ABŞ-nyň 280 dollaryna barabar bolan “ZTE” kompaniýasynyň “Axon 11 SE” atly telefony kompaniýanyň beýleki önümlerinden ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Onda 16 megapiksel selfi kamera we 48 megapiksel esasy datçikli üç sany arka kamera ýerleşýär. 5G ulgamy birikdirilen dünýäniň iň arzan smartfonynda 18W çalt zarýad alýan 4000 mAh batareýa bar. “ZTE Axon 11 SE” akylly telefonynda 6 Gb RAM we 128 Gb içki ýady bilen üpjün ediler. Bu akylly telefonyň iň ýokary derejelisi 364 amerikan dollara barabar bolup, 8 Gb RAM we 256 Gb ýady bolar. Bu akylly telefon häzirki wagtda Hytaýda sargytlar esasynda öndürilýär.

 

 

Ýene-de okaň

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy