SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäde 150 million dozadan gowrak “Sputnik V” sanjymy ulanyldy

Russiýada we dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy işlenip düzülen Russiýanyň önümi bolan «Sputnik V» sanjymynyň 150 million dozadan gowragy ulanyldy. Bu barada bu sanjymy işläp dözen N.F. Gamaleý adyndaky merkeziň direktorynyň orunbasary Denis Logunow belläp geçdi.

Ol Nowosibirsk şäherinde geçirilen “OpenBio-2022” biotehnologiýa forumyna gatnaşdy. Şol ýerde eden çykyşynda bilermenleriň rus önümi bolan koronawirus sanjymynyň netijeliligi hem-de howpsuzlygy babatda baý maglumat gorunyň ýygnalandygyny belledi.

Ol alymlaryň gazanylan maglumatlaryň esasynda «Sputnik V» sanjymynyň gerimini giňeldendiklerini belledi. Şonuň netijesinde, «Sputnik M» atly çagalar üçin hem sanjym döredildi. Ol 12-17 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin niýetlenendir.

Mundan başga-da, alymlar koronawirus ýokanjyna garşy burna sepilýän serişde hem işläp düzdüler.

Russiýanyň önümi bolan «Sputnik V» sanjymy koronawirus ýokanjyna garşy öndürilen we tassyklanan ilkinji sanjymdyr.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär