SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäde 10 milliard dozadan gowrak sanjym edildi

Tutuş dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy edilen sanjymlaryň dozasy 10 milliarddan geçdi. Bu sanjymlaryň ýarysyndan gowragy 3 ýurduň paýyna düşýär. Olar – Hytaý (2.89 mlrd doza), Hindistan (1.67 mlrd doza) hem-de ABŞ (0.54 mlrd doza).

Bu maglumatlar dünýä ýurtlarynyň hökümetleriniň berýän resmi beýanatlary we statistikalary esasynda taýýarlandy.

Häzirki wagtda Ýer şarynyň ýaşaýjylaryna 10.003 milliard doza möçberinde sanjym edildi. Dünýä ýurtlarynda doly sanjym alanlar barada degişli maglumat ýok. Käbir ýurtlarda 3-nji doza sanjymlary edilýär.

Soňky maglumatlara görä, dünýäde sanjym depgini peseldi: soňky 1 milliard doza sanjym 30 günde ýerine ýetirildi. Mundan ozal, bu sepgide 24 günde ýetilipdi.

BAE-niň, Maldiwleriň, Kubanyň, Portugaliýanyň, Kambojanyň we Singapuryň ilatynyň sanjyma degişli böleginiň 90 göterimi sanjym edildi. Ilatynyň 80 göterimine sanjym edilen ýurtlar – Malta, Hytaý, Bruneý, Çili, Koreýa Respublikasy, Ispaniýa, Argentina, Italiýa, Kanada, Katar, Awstraliýa, Daniýa, Islandiýa, Ekwador, Bahreýn, Ýaponiýa, Wýetnam we Urugwaý.

 

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl dolýar

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!