ABŞ-nyň Florida ştatynda dünýäniň iň howply agajy hökmünde tanalýan Mançnel agajynyň täze agzasy tapyldy. Agajyň miwesiniň ýaşyl alma meňzeşdigi hem-de ony dişlemegiň uly töwekgelçiligi bar diýlip, hatda agajyň şahalarynyň aşagynda durmak hem ölüm howpuny döredip biljekdigi aýdylýar.
2011-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň howply agajy diýlip atlandyrylan bu agaç şu wagta çenli diňe ABŞ-nyň Florida ştatynda we Karib deňziniň käbir ýerlerinde görülýär. Ginnesiň rekordlar kitabynda agajyň aşagynda dursaň-da ölüme howp salýar diýlip kesgitlenýär. Hatda ýagyşda onuň aşagynda duraýsaň, ýaprakly ýagyş damjalary adamyň janly derisini çyglasa, derini çişirip başlaýar. Seredilende zyýansyz görünýän Mançinel agajy, ýaşyl alma meňzeş miweleri berýän mahaly “ýaşyl we ýaprakly agaç” hökmünde häsiýetlendirilýär. Şeýle-de bolsa, agajyň gabygynyň, sapynyň we miwesiniň adamlar üçin örän howplydygy we saglyga zyýanly sebäp bolup biljekdigi aýdylýar.
Ginnes rekordlar kitabynda: “Alma ýaly kiçijik ýaşyl miweden ýekeje gezek dişlemek çişirilmegine ýa-da agyr agyrylara sebäp bolup biler” – diýilýär. Köplenç halk arasynda “kenar alma” agajy diýlip atlandyrylýan Maniçel (Hippomane mancinella) çynlakaý lukmançylyk kynçylyklaryny döredip biler. Milli Saglyk Institutlary bolsa süýtli sapynyň deri bilen gatnaşyga girse, çişmegine, ýanmagyna we çişmegine sebäp boljakdygyny aýdýarlar.
Florida uniwersiteti agaja ünsi çeken blogda şeýle ýazdy: “Bu agajyň ähli bölekleri, şol sanda miweler zäherlidir. Lukmançylyk alamatlary şulary öz içine alýar: deriniň ýanmagy, deriniň çişmegi, 3 güne çenli körlük bilen konýuktiwit we ýuwudylsa iýmit siňdiriş meselesi.”- diýip beýannama berýär.
Şeýle-de bolsa, Mançinel agajynyň deri bilen aragatnaşygyndan başga-da, agajyň haýsydyr bir bölegi ýakylanda ýüze çykýan tüssäniň hem zyýanlydygy habar berildi.
Mançinel (Hippomane mancinella), Günbatar Hindistanda we tropiki Amerikada ösýän agaçdyr. Uzynlygy 3 metrden 15 metre çenli bolup biler. Tekiz we açyk goňur gabygy we uzyn şahalary bar. Ýumurtga şekilli ýapraklarynyň uzynlygy 10 sm we dişli gyralary bar. Agajyň ownuk we gülgüne gülleri bardyr.