DÜNÝÄ

Dünýädäki iň gymmat ys beriji

Dünýäniň iň ýakymly ys berijisi “Şafran” seýfda saklanylýar. Türkiýäniň Samsun şäherinde eýýäm 40 ýyl dowamynda ösümlikler bilen meşgullanyp gelýän Taýar Çalyk bu ýakymly ys berijisi “Şafran” barada maglumatlaryny paýlaşdy.

Taýar Çalyk: “Türkiýede ösýän “Şafran” ösümligi az mukdarda ösýär we şonuň üçin bahasy gymmat bolup durýar. Dünýäde ýakymly ys berijisi “Şafrandan”  başga-da has gymmatlysy hem bar. Dünýäde bu ösümligiň iň köp ösdürilýän ýeri Eýran döwletidir, şeýle hem seýrek ösümlik Ispaniýada we Müsürde döwletlerinde ýetişdirýärler. Ösümlik uly meýdanlarda ýetişdirýärler, emma ösümligiň suwy gaty az bolany üçin munuň bahasy hem gymmatdyr. Türkiýede ýakymly ys berijisi şafranyň kilogramynyň bahasy 6 müň dollar bolup durýar. Türkiýäniň şafranyny satyn almak we satmak hem kyn. Şonuň üçin eýranly şafran birinji bolup durýar, olary satyn alýarys we satýarys” diýip belleýär. Çalyk bu ösümligiň lukmançylykda, iýmitde dermanlyk hökmünde, tüwide we çaýda, munda başga-da bu ösümlik reňk beriji hökmünde dokma pudaklarynda ulanylýar diýip, belleýär. Şafranyň gymmatlygy sebäpli bu ýakymly ys beriji tekjelerde goýulmaýar diňe seýfda saklanylýar, kilogramda satmaýarys diňe grammda satýarys, ölçänimizde bolsa zergäriň ýörite haltajyklarynda guýup, duýgur terezilerde ölçeýäris diýip, Çalyk belleýär. Bu ösümlik esasan palaw naharynda ulanylýar diýip bellän Çalyk, ýakymly ys berijisi şafranyň dürli görnüşli ulanyjylaryň bardygyny hem aýdyp geçdi. Şafrany – ýazmak üçin, palaw nahary üçin, beýniňi kämilleşdirýändigini üçin çaýda ulanýan we şafrany suw bilen goşup goşgy ýazýan mugallym müşderileriniň bardygyny hem buýsanç bilen nygtady. Çalyk – bir kilogramy 6 müň dollar bolany üçin ony diňe baý adamlar ulanýar diýdi.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri