JEMGYÝET

Dünýädäki iñ gadymy myhmanhana

Ýaponiýa döwletinde iñ gadymy myhmanhana ýerleşýär. Myhmanhananyñ ady “Nişýama Onsen Keýunkan” bolup durýar. Gadymy myhmanhana Haýakawa obasynda ýerleşýär we 705-nji ýylda gurulýar. Myhmanhana Fudžiwara Mohitosynyñ maşgalasyna degişli bolup durýar we häzirki wagtda ony Fudžiwara Mohitosynyñ 52-nji nesli dowam etdirýär.

Irki döwürde açylan bu myhmanhana häzirki günlerde hem gelen myhmanlary kabul edýär. Bu ýerde termal çesmeler ýerleşýär we dynç almak üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Myhmanhanada 40-a golaý dynç-alyş otaglary, birnäçe hammamlar, olaryñ käbirleri açyk ýerlerde we galanlary bolsa ýapyk ýerlerde ýerleşdirilendir. Muña garamazdan, ýapon medeniýeti biziñ günlerimize çenli örän berk saklanyp gelipdir. Myhmanhanyñ içinde milli ýapon egin-eşiklerini geýmäge maslahat berýärler we termal suw bejergisini alýan adamlara ümsümligi berjaý etmelidigini ýatladýarlar. Soñky bejeriş-abatlaýyş işlerini 1998-nji ýylda geçirilipdir.

Myhmanhananyñ otaglarynda telewizor we internet ulgamlary geçirilmändir, munuñ maksady hem myhmanlaryñ rahat dynç almak üçin niýetlenendir. 2011-nji ýylda bu bina “Dünýäniñ iñ gadymy myhmanhanasy” diýlip,  Ginnesiñ rekordlar kitabyna girizilipdir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi

Batyr Annaýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellendi

Batyr Mämmedow Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary boldy

Nebitgaz boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygyna täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri