DÜNÝÄ

Dünýä ýurtlary howany goramaga çemeleşýär

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň başlangyjy bilen howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin 2 günlük onlaýn tertibinde sammit geçirilýär. Bu ABŞ-nyň täze administrasiýasynyň amala aşyrýan ilkinji uly çäresidir. Ol 22-nji aprelde bellenilýän Ýer gününe bagyşlanyp geçirildi.

Sammite Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Ýewropa Bileleşiginiň Komissiýasynyň başlygy Ursula Fon der Lýaýen, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş, Germaniýanyň Kansleri Angele Merkel ýaly köp sanly döwlet we hökümet ýolbaşçylary gatnaşdy.

Dabarada ilkinji açylyş çykyşyny amala aşyran Prezident Baýden 2030-njy ýyla çenli howa goýberilýän hapa gazlariň möçberini ýary esse azaltmagy meýilleşdirýändiklerini, 2050-nji ýylda bolsa howa hapa gazlary goýbermekden azat ýurt bolmagy göz öňünde tutýandyklaryny belledi.

Ýewropa Bileleşiginiň Komissiýasynyň başlygy Ursula Fon der Lýaýen Ýewropanyň howany hapalamaýan ilkinji sebit bolmagy göz öňünde tutýandygyny aýdyp geçdi.

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bolsa Hytaýyň 2026-njy ýyldan kömür ulanylmagy azaldyp başlajakdyklaryny we howany hapalamagyň öňüni almagy meýilleşdirýändiklerini belläp geçdi.

 

«Apple» ýiten enjamlary telefon arkaly tapýan gurluşy hödürledi

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri