SPORT

Dünýä rekordy: Issyk-Kul kölüni ýüzüp geçdi

Gyrgyzystanyň raýaty Wladislaw Şuliko Issyk-Kul kölüni ýüzüp geçip, dünýä rekordyny goýdy. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Wladislaw Şuliko ýüzüşini düýn tamamlady. Ol Balykçy şäherine baryp ýetip, dünýä rekordyny goýdy. Şuliko 180 kilometr menzili ýüzüp gemçegi başardy. Ol ýüzüşini Karakol şäherinden başlap, Balykçy şäherinde tamamlady.

21 ýaşyndaky Wladislaw Şuliko 22-nji awgustda köli ýüzüp geçmek işine badalga berdi. Oňa bu ýüzüşinde 5 sany halas ediş motorly gämide halas edijiler ýanynda boldular.

gyrgyz metbugatyndkay habarlara görä, ýüzüşiň üçünji güni kynrak geçipdir. Howa birneme sowap, güýçli ýel turupdyr. Türgen bu döwürde gämide garaşmaly bolupdyr. Şeýle hem şeýle uzak aralygy ýüzüp geçen türgeniň çigin bogunlarynda agyrylar peýda boldy. Muňa garamazdan, ol ýüzüşiniň soňky günlerini şol agyrylary hem ýeňip geçip, maksadyna ýetipdir.

Issyk-Kul kölüniň uzynlygy 182 kilometr, ini 58 kilometre deňdir. bu suw howdanynyň iň çuň nokady 702 metre deňdir.

28-nji awgustda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi