SPORT

Dünýä çempionatyny rus teleýaýlymdan görmek bolar

Russiýanyň “Matç TW” teleýaýlymy şu ýyl ýene-de bir aýdan gowrak wagtdan badalga aljak Katar döwletdindäki futbol boýunça dünýä çempionatynyň ähli duşuşyklaryny öz ýaýlymlarynda berer.

Bu barada teleýaýlymyň ýolbaşçylary habar berdi. Dünýä çempionatynyň ähli 64 duşuşygy “Matç TW” teleýaýlymynyň ýaýlymlarynda we sanly platformalarynda görkeziler.

Mälim bolşy ýaly, dünýä çempionaty ilkinji gezek Ýakyn Gündogar sebitinde, ýagny Katarda geçiriler. Ol 20-nji noýabrda badalga alyp, 18-nji dekabrda tamamlanar. Ilkinji gezek güýz-gyş paslynda geçirilýän dünýä çempionaty Katar-Ekwador duşuşygy bilen badalga alar.

Katar döwleti bu çempionata ykjam taýýarlyk gördi. Ýurduň hökümeti bu çempionaty kabul etmek we ýokary guramaçylyk ýagdaýyn geçirmek üçin infrastruktura desgalary bilen bir hatarda ähli mümkinçilikleri döretmek üçin 200 milliard dollar çemesi maliýe serişdelerini sarp etdi.

Ýene-de okaň

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy