SPORT

Dünýä çempionatyna gatnaşjak Özbegistanyň futbol ýygyndysy awtoulag sowgat alar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Özbek ýygyndysyny ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gutlap, futbolçylary “BYD” kysymly awtoulag bilen sylaglamak görkezme berdi. Bu barada Prezident Şawkat Mirziýoýewiň metbugat sekretary Şerzod Asadow habar berdi.

Onuň bellemegine görä, ýakynda Özbegistanyň milli ýygyndysy Daşkende geler. Olary halkara howa menzilinde mürlerçe özbek raýatlarynyň garşylamaga taýýarlyk görýändigi bellenildi. Milli ýygyndy üçin gurnaljak dabarada futbolçylara awtoulaglar sowgat berler.

Şeýle hem özbek işewüri Hurşid Turaýew Özbegistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisine Daşkentde 3 otagly ýaşaýyş jaýyny sowgat bermegi meýilleşdirýär.

Ýaňy-ýakynda, Özbegistanyň ýygyndysy Aziýanyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde BAE-niň milli ýygyndysy bilen myhmançylykda 0:0 hasabynda oýnap, dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Şeýlelikde, Özbegistan taryhynda ilkinji gezek 2026-njy ýylda 3 döwletde – Kanadada, Meksikada we ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar.

Ýene-de okaň

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy