Şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Katar döwletinde geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndylar belli boldy.
Çempionata gatnaşmaga hukuk gazanan soňky milli ýygyndy Kosta-Rika boldy. Olar pleý-off tapgyrynda Täze Zelandiýanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, Kosta-Rika ýygyndysy “E” toparçasynda Ispaniýa, Germaniýa we Ýaponiýa bilen bäsleşer.

KATARDAKY DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNA GATNAŞJAK ÝYGYNDYLAR WE TOPARÇALAR
A toparça: Katar, Ekwador, Senagal, Niderlandlar
B toparça: Angliýa, Eýran, ABŞ, Uels
Ç toparça: Argentina, Saud Arabystany, Meksika, Polşa
D toparça: Fransiýa, Awstraliýa, Daniýa, Tunis
E toparça: Ispaniýa, Kosta-Rika, Germaniýa, Ýaponiýa
F toparça: Belgiýa, Kanada, Marokko, Horwatiýa
G toparça: Braziliýa, Serbiýa, Şweýsariýa, Kamerun
H toparça: Portugaliýa, Gana, Urugwaý, Günorta Koreýa
Dünýä çempionaty 21-nji noýabr-19-njy dekabr aralygynda geçiriler.
ÃaÅŸ oglanlar üçin harby gullugyň möhleti bir gezeklik yza süýşüriler
