Soňky dünýä çempiony Fransiýanyň milli ýygyndysy Katarda şu gün badalga alýan futbol boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda uly ýitgi çekdi. Ýygyndynyň güýçli hüjümçisi we şu ýyl “Altyn pökgi” baýragynyň eýesi Karim Benzema alan şikesi sebäpli çempionatda çykyş edip bilmeýändigi mälim edildi.
Bu barada Fransiýanyň Futbol Federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. Bu çempionatyň öňüsyrasynda ýygyndynyň düzümindäki futbolçynyň şikes almagy Fransiýa üçin uly ýitgi boldy.
Şeýle hem Fransiýanyň ýygyndysynyň düzümine ozal hem birnäçe futbolçylar şikes sebäpli kabul edilmändi. Olaryň arasynda Pol Pogba, Ngolo Kante, Kristofer Nkunku we Presnel Kimpembe bar.
34 ýaşyndaky Benzema ýygyndynyň düzüminde Katara getirildi, ýöne Katardaky türgenleşiklerde şikes alyp, toparyň düzüminden çykarylmaly boldy. Onuň ýerine Antoni Marsial milli ýygynda çagyrylyp bilner.
Fransiýanyň ýygyndysy 1998-nji we 2018-nji ýyllarda dünýä çempiony boulpdy. Frasniýa Katardaky dünýä çempionatynda “D” toparynda Awstraliýa, Daniýa we Tunis bilen bäsleşýär.