20-nji noýabrda sport äleminiň iň köp janköýerli görnüşleriniň biri bolan futbol boýunça 22-nji dünýä çempionaty badalga alýar. Bu dünýä çempionaty köp babatda ilkinjileriň çempionaty hökmünde futbol taryhynyň ýylýazgysyna girer.
Ýek;enbe güni, 20-nji noýabrda ýer eýeleri Katar bilen Ekwadoryň arasyndaky duşuşyk bilen çempionat başlaýar. Şonuň üçin şu ýerde çempionat baradaky käbir maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
- ilkinji bolup, bu dünýä çempionaty ilkinji gezek Ýakyn Gündogarda geçirilýär.
- Katarda howanyň yssydygy nazarda tutulyp, ilkinji gezek futbol çempionaty güýz-gyş paslynda gurnalýar.
- Dünýä çempionaty arap dünýäsinde, onda-da dini yslam bolan bir ýurtda ilkinji gezek geçirilýär.
- Katar 2010-njy ýylda Sýurih şäherinde geçirilen FIFA-nyň ýygnagynda dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanyp alyndy.
- Bu çempionaty gurnamak üçin Katar bilen bir hatarda Awstraliýa, Koreýa Respublikasy, Ýaponiýa we ABŞ ýüz tutdy.
- Ýene-de 3 günden soňra başlajak dünýä çempionatyna 32 milli ýygyndy gatnaşýar.
- Milli ýygyndylar 8 topara bölündi we her topardan 2 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykýar.
- Final duşuşygy 18-nji dekabrda 80 müň orunlyk Kataryň milli stadionynda geçiriler.
- Bu çempionatyň duşuşyklary Kataryň 5 şäherindäki 8 stadionda gurnalar.
- Guramaçylaryň bellemegine görä, stadionlarda howanyň temperaturasynyň 27 derejeden ýokary bolmazlygy üçin ýörite howany sowadyjy ulgam döredildi.
- Katar musulman döwlet bolandygy üçin janköýerler üçin hem käbir düzgünler göz öňünde tutulýar. Alkogolly içgileri hem ýörite ýerlerde içmäge rugsat berilýär.
- Ýene-de käbir maglumatlara üns çekmeli bolandy. Onda çempionatdaky iň uzyn boýly futbolçy Niderlandlar Patyşalygynyň derwezebany Andris Noppert bolar. Onuň boýy 203 santimetr. Iň kiçi boýly futbolçy bolsa, Marokkonyň ýarymgoragçysy 158 santimetr boýy bolan Ilýas Şair bolar.
- Çempionatyň iň ýaş futbolçysy germaniýaly Ýussuf Mukoko bolar. Dünýä çempionatynyň iň garry futbolçysy Meksikanyň derwezebany 40 ýaşyndaky Alfredo Talawera bolar.
- Dünýä çempionatyna ilkinji gezek zenan eminler hem gatnaşdyrylýar. Olar Fransiýadan Stefani Frapper, Ruandadan Salima Mukansanga we Ýaponiýadan Ýesimi Ýamasita.
- Çempionatyň düzümindäki ähli oýunçylary öz ýurdunda däl-de, başga ýurtlaryň çempionatynda oýnaýan ýeke-tek topar Senegaldyr.
- Dünýä çempionatlarynda has köp duşuşykda çykyş eden futbolçy Lionel Messidir. Ol mundna ozalky 4 dünýä çempionatynda 19 duşuşykda orun aldy.
- Şu dünýä çempionatyna gatnaşýan iň köp gol geçirne futbolçy germaniýaly Tomas Mýullerdir. Onuň gollarynyň sany 10-a deňdir.
- Şeýlelikde, bu çempionat 32 ýygyndynyň gatnaşýan soňky çempionaty bolar. Mundan soňra çempionata 48 milli ýygyndy gatnaşdyrylar.