DÜNÝÄ

Dubaýyň hökümeti kagyz resminamalaryndan ýüz öwürdi

Dubaýyň hökümeti dünýäde ilkinji bolup kagyz resminama dolanyşygyndan ýüz öwürdi. Şäher häkimligi sanly tehnologiýalara doly geçmek kararyna geldi. Muny Emirligiň şazadasy, Dubaýyň ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygy Şeýh Hamdan ben Muhammet ben Raşid Al Maktum yglan etdi.

“Bu gün Dubaýda durmuşyň ähli taraplaryny sanlylaşdyrmakda täze tapgyryň başlangyjy boldy. Doly kagyzsyz hökümete geçmegi tamamladyk “-diýlip, metbugat beýanatda bellenilip geçilýär.

Ol hökümetdäki ähli amallaryň, şeýle hem ilata hyzmatlaryň edilmeginiň elektron tehnologiýalary arkaly amala aşyryljakdygyny aýtdy. Resminamanyň tutuş akymy indi diňe ýörite maglumat platformalary arkaly amala aşyrylýar. Kagyz resminamalaryny dolanyşykdan aýyrmak ýaşaýyş jaý we jemgyýetçilik hyzmatlary, polisiýa, kazyýet, saglygy goraýyş, dini, medeni we sport edaralaryna çenli ähli pudaklary gurşap alýar. Birnäçe täjirçilik guramasy hem bu başlangyça goşuldy.

Kagyz resminamalaryny aradan aýyrmak strategiýasy 2018-nji ýylda kem-kemden durmuşa geçirilip başlandy. Şondan bäri Dubaýyň häkimiýetleriniň habar bermegine görä, emirlik 336 million kagyz ýa-da takmynan 353,8 million dollar pul tygşytlamagy başardylar.

 

Pan Gi Mun: 12-nji dekabr türkmen halky üçin möhüm seneleriň biri

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Eýran sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi

“Green Card” lotereýasyna ýüz tutmak senesine üýtgeşmeler girizildi

Ata Watan Eserleri

Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy