BIZNES

Dubaýda dünýäniň iň uly howa menzili gurlar

BAE-niň häkimiýetleri “Dubai World Central” diýlip hem atlandyrylýan Al-Maktum howa menzilini giňeltmegiň hasabyna Dubaýda dünýäniň iň uly howa menzilini gurmagy meýilleşdirýär. Bäş uçuş-gonuş zolagy bilen täzelenen taslamanyň jikme-jiklikleri BAE-niň hökümetiniň web sahypasynda çap edildi. Uçuş-gonuş zolaklarynyň biri “Airbus A380”-e doly berler. Hasaplamalara görä, täze merkez 2027-nji ýyla çenli ýylda 160-dan 260 million ýolagça hyzmat edip biler.

Aeroportlaryň halkara geňeşiniň (ACI) habaryna görä, Dubaý howa menzili beýleki ýurtlardan gelýän ýolagçylaryň sany boýunça 3 ýyl bäri öňdeligi eýeleýär. 2021-nji ýylda ýolagçylaryň sanynyň 21 milliondan geçendigi barada guramanyň web sahypasyndaky maglumatda bellenilýär. Ýolagçylaryň umumy sany boýunça häzirki rekord ABŞ-daky Hartsfild-Jekson Atlanta howa menziline (2021-nji ýylda 75,7 million adam) degişlidir.

Saud Arabystanynyň häkimiýetleri hem iň uly halkara menzilini gurmagy maksat edinýärler. Ýurduň ýolbaşçylary bu barada geçen noýabr aýynyň ahyrynda mälim etdiler. Er-Riýadda gurulmagy meýilleşdirilýän täze howa menziliniň ýylda 185 million adama hyzmat edip biljekdigi habar berilýär. Bu, ýurdy Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk pudagynda öňdebaryjy etmek baradaky has uly meýilnamanyň bir bölegidir.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler