TEHNOLOGIÝA

Dubaýda Aýyň nusgasy gurulýar

Birleşen Arap Emirlikleriniň syýahatçylyk merkezi bolan Dubaý şäherinde Ýeriň emeli hemrasy bolan Aýyň ägirt uly şeklini gurmak göz öňünde tutulýar. Bu taslama şäheriň ýene-de bir özboluşly syýahatçylyk nyşanyna öwrüler.

Dubaý şäheri kosmos syýahatçylygynyň merkezine öwrülip biler. Täze taslamanyň bahasy 5 milliard dollara deňdir. Bu taslama Kanadanyň “Moon World Resorts” binagärçilik kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi.

Taslama barada doly jikme-jik maglumatlar berilmeýär. Ýöne onuň beýikligi 224 metr bolar. Onuň daş-töweregi 40 müň inedördül meýdanda hem özboluşly taslamalar göz öňünde tutulýar.

Bu syýahatçylyk merkezine her ýyl 2,5 million adamy çekmek göz öňünde tutulýar. Taslama durmuşa geçirilende diňe öňdebayrjy işläp düzmelerden we täzeçil inženerçilik tehnologiýalaryndan peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Aýyň nusgasy şeklindäki binada dürli kosmos agentlikleriniň wekillikleri açylar we binanyň içinde geljekki kosmonawtlary taýýarlamak üçin ýörite türgenleşik merkezleri hereket eder.

Kompaniýa bu taslamany tutuş dünýä 2023-nji ýylda tanyşdyrmagy göz öňünde tutýar, onuň gurluşygy üçin 4 ýyl gerek bolar.

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar