DÜNÝÄ

“Dubaý EKSPO”: 11 million adam tomaşa etmäge bardy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän “Dubaý EKSPO – 2020” Bütindünýä sergisine 11 million adam tomaşa etmäge bardy. Şeýle hem 72,5 million adam bu sergini sanly ulgam arkaly tomaşa etdi.

Sergini guraýjylaryň habar bermegine görä, bütindünýä sergisiniň dowamynda her gün ortaça 200 çäre guralýar. Şol günleriň dowamynda sergä gatnaşyjy ýurtlaryň Milli günlerine bagyşlanan dabaralar geçirilýär. Dürli tanyşdyrylyş çäreleri, forumlar, konsert maksatnamalary we dürli sahna oýunlary goýulýar.

Mundan başga-da, serginiň çäklerinde garyplygy azaltmak, saglygy goraýyş, bilim, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ugurlarynda ara alyp maslahatlaşmalar geçirilýär.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly mejlislere 767 müň adam gatnaşdy.

“Dubaý EKSPO – 2020” Bütindünýä sergisi şu ýylyň 31-nji martyna çenli dowam edýär.

Bilşimiz ýaly, bu bütindünýä sergisine Türkmenistan döwletimiz hem gatnaşýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlaryndaky ösüşleri mahabatlandyrýan Türkmenistanyň diwarlygy hem uly gyzyklanma döredýär.

Geçen ýylda “Dubaý EKSPO – 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli günlerine bagyşlanan çäreler geçirildi.

 

 

Gebreýesus täzeden dalaşgär görkezildi

Ýene-de okaň

“Green Card” lotereýasyna ýüz tutmak senesine üýtgeşmeler girizildi

Ata Watan Eserleri

Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-niň senagat ministri Sultan Al Jaber bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Dragon Oil» kompaniýasy bilen geçiren duşuşyklary

Türkmenistanyň ilçisi Adalat we Galkynyş partiýasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri