“Intellektual telekeçilik” başlangyçlarynyň çäklerinde birnäçe ýyl öň, ýola goýlan “Makul Sözlük” taslamamyz 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda “Makul English–Turkmen Dictionary” ady bilen kitap görnüşinde neşir edildi.
Eýsem, intellektual telekeçilik näme?
Intellektual telekeçiler gysgaça aýdanyňda, ýaşaýan we iş alyp barýan ýurdunyň kanunlaryna hem-de işewürlik etikasyna laýyklykda hereket edýän, diňe bir kanuny girdeji gazanmak bilen çäklenmän, eýsem gazanan girdejileriniň belli bir bölegini jemgyýetçilik bähbitleri üçin hem sarp edýän telekeçilerdir. Olar özlerine “peýdaly bolýan wagtyň gazan” diýen ýörelgäni şygar edinýärler.
Ine, “Makul Sözlük” taslamamyz hem “Makul Hyzmat” terjime merkeziniň çäklerinde dürli dillerde terjime hyzmaty berilýän döwründe döredildi. Maksadymyz – bir tarapdan terjimeçilerimize ygtybarly gollanma taýýarlamak, beýleki tarapdan bolsa iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin mugt hem peýdaly çeşme döretmekden ybarat boldy. Ilkinji nobatda türkmen, iňlis, rus we türk dillerinde hyzmat edýän www.makulsozluk.com saýtymyz hem-de onuň mobil goşundylary arkaly bu taslamany halk köpçüligine ýetirdik.
Döwür tehnologiýa döwri bolsa-da, onlaýn neşirler giňden ýaýraýan hem bolsa, köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän kitap görnüşindäki neşirleriň gymmaty henizem saklanýar. “Makul English–Turkmen Dictionary” atly sözlügimiziň dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda bolan Garward we Stanford uniwersitetleriniň, şeýle hem “New York Public Library” kitaphana kataloglaryna girmegi, şeýle hem dünýäde tanalýan professorlaryň, hünärmenleriň we işewürlik geňeşleriniň ýolbaşçylarynyň “Makul Sözlügiň” ähmiýeti baradaky makalalary bizi taslamamyzyň ikinji kitabyny taýýarlamaga höweslendirdi.
Ikinji kitabymyz sözlük däl-de, eýsem giň gerimli Iňlisçe–Türkmençe dil gollanmasydyr.
Bu gollanmada iňlis dilini öwrenýänler üçin wajyp mowzuklar jemlenendir. Olaryň hatarynda nädogry işlikler, idiomalar, frazeologik işlikler, prefiksler (sözüň öňünden goşulýan goşulmalar), suffiksler (sözüň soňundan goşulýan goşulmalar), kök sözler hem-de gündelik durmuşda ulanylýan 700 sany gepleşik mysallary bar.
“Makul Iňlisçe–Türkmençe” dil gollanmasy 266 sany iň köp ulanylýan nädogry işlik bilen başlanýar. Bu işlikler üç formada berilýär we olaryň türkmen dilindäki terjimeleri görkezilýär. Şeýle hem kitapda 200-den gowrak idiomalar ýerleşdirilip, olaryň manysy düşündirilýär. Her bir idioma iňlis dilindäki mysallar arkaly görkezilýär we türkmen dilindäki terjimesi berilýär.
Kitap mundan başga-da 200-den gowrak frazeologik işlikleri, iňlis dilinde giňden ulanylýan onlarça prefiksleri, suffiksleri we kök sözleri öz içine alýar. Kitapda ýerleşdirilen ähli bölümleri emeli intellektiň hyzmatyna bermek arkaly, onuň türkmen diliniň ösmegine öz goşandyny goşmagyna umyt baglaýarys.
“Makul Iňlisçe–Türkmençe” dil gollanmasy hem edil “Makul Sözlük” kitabymyzda bolşy ýaly, ýeke bir adamyň zähmetiniň netijesi däldir. Bu kitap hem ilkinji sahypasynda görkezilen redaksion kollegiýanyň utgaşykly hem-de sabyrly zähmetiniň netijesinde taýýarlanyldy. Şol sebäpli olaryň her birine ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Şeýle hem bu işde maňa çäksiz goldaw beren maşgalama – ýanýoldaşym Dünýägözel Orazgylyjowa hem-de ogullarym Ysmaýyl, Ýusup we Ýunus Orazgylyjowlara aýratyn sagbolsun aýdýaryn.
Mahlasy, meni mähir bilen ösdürip, terbiýelän eziz ejem Akbäbek Orazgylyjowa hem-de merhum dädem Durdygylyç Orazgylyjowyň hormatyna tüýs ýürekden minnetdarlyk we hormat duýgularymy beýan edýärin.
“Makul Sözlük” kitabymy size ýetiren wagtym şeýle diýipdim: biz kämil sözlük taýýarlamaga çalyşsak-da, ony “kämil” diýip hödürlemekden saklanýarys. Sebäbi sözlük hemişe ýaşaýar we ösüşdedir. Şonuň üçin “Makul Sözlük” hem-de eliňizdäki bu kitap bilen baglanyşykly maslahatlaryňyzy, tankytlaryňyzy we teklipleriňizi turkmenlawyer@gmail.com salgysyna ibermegiňizi haýyş edýäris.
Dr. Dowran Orazgylyjow
25-nji mart 2026
Dawis, Kaliforniýa, ABŞ
www.turkmenlawyer.com
Dr. Dovran Orazgylyjov, Türkmenistanly hukukçy bolup, 2011-nji ýyldan bäri Türkmenistanda ygtyýarnamaly hukuk maslahatçysy hökmünde işleýär. Ol şeýle hem “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyyň esaslandyryjylarynyň biri we baş redaktorydyr. Ol hukuk boýunça bakalawr, magistr we doktorlyk derejesini Türkiýäniň Dokuz Eýlül uniwersitetinden aldy. Mundan başga-da, ABŞ-nyň University of California, Davis hukuk mekdebinden hukuk magistri (LL.M.) derejesini aldy. Şeýle hem Stanford Uniwersiteti we Johns Hopkins uniwersiteti ýaly dünýä belli ýokary okuw mekdeplerinde gysga möhletli okuwlary tamamlady. Ol Türkiýede neşir edilen “Milletlerarası Doğrudan Yatırımlar Açısından Joint Venture” atly kitabynyň awtorydyr hem-de Türkmenistanda çap edilen “Telekeçilik Işi: Kanunçylyk we Tejribe” atly kitabyň awtorynyň biridir.
