BIZNES

Döwrebap elektrik bekedi işe girizildi

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Döwletli geňeşliginiň çäginde güýjenmesi 220/110/35/10 kW bolan täze elektrik bekediniň dabaraly ýagdaýda açylyp işe girizilmegi Aşgabat şäheriniň gününiň hem-de Türkmen halysynyň baýramynyň bosagasynda özboluşly toý sowgady boldy. Bu ähmiýetli waka mynasybetli geçirilen dabara welaýat, etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Täze desganyň işine ak pata berlenden soňra, dabaranyň myhmanlary döwrebap elektrik bekedininiň enjamlaşdyrylyşy we giň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Täze desgada işlemek bagtyna eýe bolan hünärmenler myhmanlara bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zamanyň öňdebaryjy enjamlarynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Umumy 9 gektar meýdany eýeleýän elektrik bekediniň çäginde 125 megawoltamper bolan transformatorlaryň ikisi, iki sany 40 megawoltamper we iki sany 25 megawoltamper kuwwatlylygy bolan güýç transformatorlary, şeýle hem 220/110/35 kilowolt güýjenmesi bolan açyk paýlaýjy gurnamalaryň üçüsi hem-de 10 kilowoltlyk ýapyk paýlaýjy gurnama ýerleşýär.

Elektrik bekediniň awtomatik dolandyryş nokadynyň, beýleki desgalarynyň işi sazlaşykly ýola goýlup, ol ýerdäki paýlaýjy enjamlar elektrik energiýasyny welaýatyň Tejen, Babadaýhan, Sarahs etraplarynyň ilatyna, sarp edijilerine bökdençsiz we ygtybarly ibermäge giň mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiziň adyndan Tejen elektrik bekediniň zerurlyklary üçin niýetlenen döwrebap awtoulaglaryň gowşurylmagy bu wakanyň ähmiýetini artdyryp, dabara gatnaşyjylaryň şatlygyny goşalandyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň harytlary: Stambulyň sergi sahnasynda

Mary etrabynda ammiak we ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurlar

«Uzynada» nebitgaz ýatagy elektrik energiýasy bilen üpjün ediler

Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda 1060 şertnama baglaşyldy

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Pakistanyň portlarynyň hünärmenleri hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna “BB- durnukly” reýting derejesi berildi