SPORT

Döwletjan Ýagşymyradowa ýeňiş gazanmak başartmady

Türkmenistanyň türgeni Döwletjan Ýagşymyradow PFL çempion guşagy ugrunda bolan tutluşykda ýeňildi. Amerikaly garyşyk söweş sungaty (MMA) türgeni Kori Anderson Dubaýda geçirilen PFL ýaryşynda türkmenistanly türgenden üstün geldi.

Iki türgeniň tutluşygy Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) geçirilen ýaryşyň ikinji esasy wakasy boldy. Tutluşyk 93 kilogramma çenli agram derejesindäki (ýarym agyr agram) çempionlyk üçin geçirildi.

Tutluşyk doly bäş raund dowam etdi. Ilkinji bölümde Ýagşymyradow artykmaçlyga eýe boldy, emma soň Anderson öňe saýlandy. Netijede eminleriň biragyzdan çykaran karary boýunça ýeňiji boldy (49:45, 48:47, 49:45).

Anderson mundan ozal “Bellator” ligasynyň çempiony bolupdy. Bu liga “PF”L bilen birleşenden soň, ol ýene-de guşagy yzyna aldy we yzly-yzyna dördünji gezek ýeňiş gazandy. Häzirki wagtda 36 ýaşly amerikaly türgeniň hasabynda 20 ýeňiş, 6 ýeňliş we 1 netijesiz söweş bar.

Ýagşymyradowyň-da ýedi sany yzly-yzyna ýeňiş gazanan tapgyry şu wagt tamamlandy. 36 ýaşly türkmenistanlynyň hasabynda indi 25 ýeňiş, 8 ýeňliş we 1 deňme-deňlik bar.

Ýene-de okaň

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri