SPORT

Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky tutluşygyna çykar

Başa-baş göreş boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow “Bellator 268” ady bilen geçiriljek MMA duşuşyklarynyň çäklerinde nobatdaky tutluşygyna çykýar.

Tutluşyklar 16-njy oktýabrdan 17-nji oktýabra geçilýän gijede ABŞ-nyň Arizona ştatynyň Finiks şäherinde geçiriler. Şonda ildeşimiz garyşyk söweş sungatynyň ussady, şwesiýaly Karl Albrektsson bilen güýç synanyşar.

Ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow “Bellator” kompaniýasy bilen şertnama baglaşyp, bu ýaryşyň çäklerinde tutuluşyklara çykýar. Ol mundan ozal, “Absolute Championship Akhmat” (ACA) ýaryşynda ýarym agramda çykyş eden Ýagşymyradow 24 tutluşyk geçirip, onuň 18-sinde ýeňiş gazanypdy.

28 ýaşyndaky Albrektsson bolsa geçiren 15 duşuşygynda 12 gezek ýeňiş gazanyp, 3 gezek ýeňlişe sezewar boldy.

 

Mbappe Messiniň ýerine “Real Madridi” saýlady

Ýene-de okaň

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”