Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň Tejen etrap bölüminiň täze edara binasynyň açylyp ulanmaga berildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Gullugyň düzüm birliklerinde sanly ulgama daýanýan tehnologiýalar we tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze edara binalary we ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan şeýle giň gerimli işleriň çäginde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň düzüminde täze edara binasynyň açylyp ulanmaga berilmegi onuň işgärleridir harby gullukçylary üçin ajaýyp sowgat boldy.
Döwrebap bina raýatlara migrasiýa hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde, elektron maglumat dolanyşygyny amala aşyrmakda giň mümkinçiliklere eýedir. Çünki bu ýerde elektron resminama dolanyşygy kämil kompýuter programmalary we tehnologiýalar arkaly tiz wagtda, ýokary hilli maglumat goraglylygyny üpjün etmek bilen ýerine ýetirilýär. Täze binanyň tehniki taýdan döwrebap derejede enjamlaşdyrylyşyny we döredilen şertleriň halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini-de bellemek gerek. Binada hünärmenleriň oňaýly dynç almaklary üçin hem ähli şertler döredilipdir.

Döwrebap binanyň gurluşygynyň Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň buýurmasy esasynda “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilmegi-de aýratyn buýsançlydyr. Çünki beýik geljegi nazarlaýan ösüş-özgerişleriň durmuşa geçirilmeginde ýerli hünärmenlerimiziň alyp barýan işlerine uly orun degişlidir
