JEMGYÝET

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem olaryň işini has-da kämilleşdirmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz ata Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmegiň Döwlet serhet gullugyna bildirilýän esasy talap bolup durýandygyny aýdyp, bu gullugyň ýolbaşçysyna şahsy düzümiň beden, taktiki we söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselesini mydama berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisde Döwlet Baştutanymyz işgärler düzümini berkitmegiň ähmiýeti barada aýdyp, ugurdaş okuw mekdeplerinde bilim, syýasy-terbiýeçilik, jemgyýetçilik işlerini degişli derejede geçirmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Harby gullukçylaryň durmuş üpjünçiligi bilen bagly meseleleri çözmek möhüm ugur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz serkerdeleriň gullugy üçin hem-de olaryň maşgala agzalarynyň durmuş şertlerini üpjün etmegiň zerurdygyna üns çekdi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy

Gazagystan Türkmenistanynyň ykdysadyýetine 120 million dollardan gowrak maýa goýdy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk duşuşdy

Astanada Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Awazada şahamçasy açylar