BILIM

Döwlet gullugy akademiýasy: gysga möhletli okuwlar guralar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda gysga möhletli okuwlary guramak barada hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 8-nji fewralynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli teklipler taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Milli Geňeşiň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin gysga möhletli okuwlary guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet gullukçylarynyň etikasyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Olar türkmen halkynyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, şol sanda birek-birege hormat goýmak däplerine eýerip, özüňi alyp barmagyň ähli kadalaryny berk berjaý etmelidirler.

Milli Liderimiz her bir gullukçynyň watansöýüjilik, halallyk, işe jogapkärçilikli çemeleşmek ýaly häsiýetleri özünde jemlemek bilen, nusgalyk görelde bolmalydygyny belledi we bu ugurdaky işleri gowulandyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi.

 

Türkmenistan-Özbegistan: suw ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ýene-de okaň

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar

Türkmenistanyň okuwçylary STEM olimpiadasyna gatnaşýarlar

Türkmen ýaşlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim alyp bilerler