JEMGYÝET

Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek hem-de bu ulgamda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylyň noýabr aýynda “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şol Kanun bu ulgamda hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar. Onuň esasynda Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýokarda agzalan Tertibi tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu resminamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Wise-premýer döwlet emlägini hususylaşdyrmak, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin zerur şertleri döretmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler bilen bilelikde döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak üçin kärhanalar, desgalar boýunça seljermeler geçirildi. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň käbir döwlet düzümlerine degişli desgalaryň birnäçesini bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak teklip edilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär