JEMGYÝET

Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistana geldi

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, rus wekiliýeti Türkmenistanyň Mejlisinde gepleşikleri geçirer. Türkmenistanyň we Russiýanyň deputatlary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, parlamentara hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Habarda bellenişi ýaly, Aşgabada sapar bilen gelen wekiliýet agzalary eýýäm şu gün Türkmenistanyň Mejlisindäki kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler.

Wekiliýetiň düzüminde Döwlet Dumasynyň Başlygynyň orunbasary Şolban Kara-ool, GDA, Ýewraziýa utgaşmasy we watandaşlar bilen aragatnaşyk işleri boýunça komitetiň başlygy Leonid Kalaşnikow, Sebit syýasaty we ýerli öz-özüňi dolandyryş boýunça komitetiň başlygy Alekseý Didenko, Ylym we ýokary bilim boýunça komitetiň başlygynyň birinji orunbasary Aleksandr Mažuga we Halkara işler boýunça komitetiň başlygynyň orunbasary Irina Rodnina bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär