DÜNÝÄ

Dost-doganlyk konserti

Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň 96 ýyllygy mynasybetli Izmir şäheriniň opera we balet teatrynyň aýdymçy artistleriniň konserti boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen konserte daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, şeýle-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Konsertiň başynda Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde kompozitor D.Öwezowyň «Aýna» operasyndan döreden sazy ýaňlandy. Soňra Türkiýäniň meşhur opera aýdymçylary Filiz Güneş we Oguz Çimen Resul Gylyjowyň driŽorlyk etmeginde türkmen we türk kompozitorlarynyň döreden opera aýdymlaryny belent joşgun bilen ýerine ýetirdiler.

Uzaklary nazarlaýan türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň çäginde ýene bir ajaýyp wakanyň şaýady bolan Filiz Güneş Türkiýäniň Garaşsyzlygynyň 96 ýyllygy mynasybetli bu çäräni guramaçylykly geçirilendigi üçin türkmen wekiliýetine, milli Liderimize hoşallygyny beýan edip,  konsertiň özünde galdyran täsirleri dogrusynda «Atavatan Türkmenistan» halkara Žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň habarçysyna şeýle gürrüň berdi:

 

— Türkmen topragynda myhmançylykda bolmak meniň üçin juda ýakymly. Sebäbi türkmen halkynyň myhmansöýerligine, gülerýüzlüligine her sapar şaýat bolanymyzda begenjimiz artýar. Uzak ýyllary nazarlaýan türkmen-türk dost-doganlygynyň netijesinde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklar täze derejä eýe bolýar. Şeýle hoşniýetli, ynsanperwer gatnaşyklaryň sakasynda duran Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tagallalasy diýseň uly.

Türkmen halkynyň aýdym-saza, milli mirasa goýýan sarpasy çäksiz. Milli medeniýetini, sungatyny dünýä derejesine çykaran ýurtda döredijilik saparynda bolup, ajaýyp sahnalaryňyzda ýokary derejede guralan konsertde aýdym-sazlarymyzy ýerine ýetirmek biziň üçin uly bagt. Zaly dolduryp oturan tomaşaçylaryň her bir çykyşymyzy gyzgyn el çarpyşmalary bilen garşylamagy, olaryň gözlerinde aýdym-saza bolan beýik söýgini görmegimiz biziň ruhumyza ruh goşup, kalbymyza joşgun berdi. Konsertde G.Puççininiň «Toska» operasyndan «Wissi D’arte», O.Baljynyň «Bilbilim», T.Erdeneriň «Ertiriň säherinde» atly aýdymlaryny ýerine ýetirdim. Kärdeşim Oguz Çimen bolsa konsertde P.Sorozabalyň «No puede ser», A.Saýgunyň «Ýalan dünýä», O.Baljynyň «Çalyň deprekleri» ýaly aýdymlary bilen çykyş etdi. Konsertiň dowamynda onuň bilen bilelikde duetleri hem ýerine ýetirdik.

Türkmen sazynda, saz gurallarynda özüne çekýän güýç bar. Türkmen aýdymlaryny, aýratynam meşhur kompozitorlaryň döreden ajaýyp eserlerini diňlänimde kalbyma düşündirip bolmaýan duýgy dolýar. Muňa bu konsertde-de şaýat boldum. Ýöne bu gezek şol aýdym-sazlary maňa hem diňlemek, hem-de ýerine ýetirmek miýesser etdi. Men muňa diýseň buýsanýaryn. Iline beýik şahsyýetleri bagyşlan türkmen topragynyň, al-elwan sähralarynyň gözelligini eserlerine siňdiren dünýäniň aýdym-saz repertuarynda öçmejek yz galdyran Nury Halmämmedowyň döreden «Aşgabat», «Türkmen sährasy» atly aýdymlary Oguz Çimen bilen bilelikde ýerine ýetirenimizde tomaşaçylaryň-da biziň aýdymymyza goşulyp hiňlenişine dogrusy tolgundym. Sebäbi kalbymyza ornan ol ajaýyp aýdymlary diňlemek bize hemişe ýakymly duýgulary peşgeş berýär.

Sözümiň şu ýerinde Aşgabadyň diýseň owadan, arassa şäherdigini belläsim gelýär. Bu şäherde ýaşaýan ynsanlar şeýle ajaýyp döwletiň raýatydyklary üçin juda bagtly.

Aşgabada gelip görmäge, türkmen sahnasynda konsert bermäge döredilen mümkinçilik üçin dabarany guraýjylara köp sag bolsun aýdýaryn. Türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklary mundanam beýläk täze derejelere eýe bolsun. Iki halkyň arasyndaky milli medeni gatnaşyklaryň ilerlemegine giň mümkinçilikleri döredýän Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärin!

Ýene-de okaň

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi