SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dört Prezident göni ýaýlymda waksina kabul etdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti bolan dört şahsyýet watandaşlaryny koronowirusa garşy waksinalardan endişe etmezlige çagyrdylar.

Amerikan metbugatynyň ýazmagyna görä, ýurduň soňky Prezidentlerinden Jimmi Karter, kiçi Jorj Buş, Bill Klinton we Barak Obama milli telewideniýedäki göni ýaýlymda waksina kabul etdiler.

Şeýle hem olaryň ýanýoldaşlary Mişel Obama, Laura Buşa, Hallari Klintona we Rosalin Karterlara hem göni ýaýlymda waksinalar uruldy.

Ýöne bu çärä näme üçindir Donald Tramp gatnaşmady. Oňa çakylyk ýollanyp, ýollanmanlygy ýa-da ozalky Prezidentiň bu çärä gatnaşmak islenmändigi baradaky takyk maglumat heniz ýok.

Bu çäre koronowirus pandemiýasynyň başlanmagynyň bir ýyllygyna bagyşlandy.

 

Gyrgyzystan esasy kanunyna üýtgetmeler girizer

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar