SIZDEN GELENLER

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň gurnamagynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri bilen duşuşyk geçirildi.

Oňa  ýaňy-ýakynda uly dabara beslenen şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygynyň öňisyrasynda hormatly atlara mynasyp bolan Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Türkmenistanyň il Ýaşulusy  diýen ada eýe bolan şahyr Orazguly Annaýew, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň artisti, “Miras” radioýaýlymynyň alypbaryjysy Batyr Çaryýew, “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy, žurnalist Nowruz Güýjow dagy gatnaşyp, döwrümiziň beýik ösüşleri, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan, içeri we daşary syýasaty dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Döredijilik duşuşygynyň ahyry gyzykly söhbetler bilen baýlaşdy.

Şahyr Orazguly Annaýewiň, şeýle-de Nowruz Güýjowyň goşgulary, artist Batyr Çaryýew tarapyndan çeper okaýyş hökmünde okaldy. Talyplar myhmanlara özlerini  gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler. Duşuşyk geljekki žurnalistlerde ýakymly täsirleri galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda myhmanlar bilen ýadygärlik surata düşüldi.

 Bägül Kakalyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň “Halkara žurnalistikasy” fakultetiniň II ýyl talyby.

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan “ýaşyl” energiýa aýratyn ähmiýet berýär

Ahalteke bedewi – dost-doganlygyň nyşany

Biologiýa dersiniň ähmiýeti

Dil bilen dünýäni gezer

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy