MEDENIÝET

Döredijilik hyzmatdaşlygy: Belarus we Özbegistan bilelikde film surata düşürer

Özbegistanyň kinematografiýa edarasynyň halkara bölüminiň başlygy Saýora Hudaýberdiewa Özbegistan bilen Belarusyň bilelikdäki filmleri surata düşürmek babatda has işjeň hyzmatdaşlyk etjekdigini belledi. Bu iki ýurduň arasynda döredijilik hyzmatdaşlygy  babatda Minsk şäherinde degişli şertnama gol çekildi.

Belarusyň paýtagty Minsk şäherinde geçirilen “Listopad” atly halkara kinofestiwalda Özbegistan 2 sany kino filmi bilen wekilçilik etdi. Olayrň biri «Belarusfilm» kinostudiýasy bilen bilelikde surata düşürilipdir.

Häzirki wagtda iki ýurduň kinematografiýa gulluklary iki taslamanyň üstünde işleýär. “Kazbek” hem-de “Özbek gyzy” atly filmler Belarusda surata düşürilýär.

Soňky gezek 1970-nji ýyllarda Özbegistan bilen Belarus bilelikde kinolar surata düşüripdir. 2017-nji ýylda bu ugurdaky hyzmatdaşlyk täzeden ýola goýuldy. Şeýle hem soňky ýyllarda her ýyl Belarusyň paýtagty Minsk şäherinde Özbek kinolarynyň güni geçirilýär.

“Listopad” atly XXVII Minsk halkara kinofestiwaly 20-26-njy noýabr aralygynda  geçirilýär. “Kino-agzybirligiň simfoniýasy” şygayr bilen geçirilen kinofestiwalyň bäsleşik meýilnamasynda filmler 4 ugry boýunça hödürlendi.

 

«Ahal» birinji aýlawy öňde tamamlady

Ýene-de okaň

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty