SIZDEN GELENLER

Döredijilik duşuşygy geçirildi

18-nji martda Türkmen Döwlet neşirýat gullugy bilen “Edebiýat we sungat” gazetiniň bilelikde gurnamagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň bahar bagtyýarly” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa söz berildi.  Ol döwrümiziň beýik ösüşlerini, söýgini  wasp edýän şirin goşgularyny okap berdi. Şahyryň öňe gidýän Watanymyzyň belent başlangyçlary hakyndaky buýsançly gürrüňleri döredijilik duşuşygyna gatnaşýan halypalarda, talyp ýaşlarynda aýratyn täsirleri goýdy.

Döredijilik duşuşygynyň dowamynda ýazyjy Kömek Kulyýew, şahyr Ogultäç Oraztaganowa, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, “Watan” radioýaýlymynyň Baş redaktory Nurberdi Dädebaýew dagy gyzykly gürrüňleri bilen çykyş etdiler.

Döredijilik işgärleri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp oglan-gyzlaryň birnäçesiniň sowallaryna täsirli jogaplary berdiler.

Edebiýat söýüjileriniň duşuşygy aýratyn many-mazmuna baý boldy.

                           Bägül Kakalyýewa, TDIM-niň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

«Türkmen tebigaty — ylham çeşmesi » atly bäsleşik yglan edildi

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary

Sanly tehnologiýalar – täze eýýamyň hereketlendiriji güýji

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Nebitgaz pugagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy

Türkmenistan “ýaşyl” energiýa aýratyn ähmiýet berýär

Ahalteke bedewi – dost-doganlygyň nyşany