«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaş nesil hakynda uly alada edilýär. Ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, terbiýeli, watansöýüji bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzda ähli ulgamlaryň, aýratyn-da bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet derejesinde üns berilýändigi giňden nygtaldy. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda şu ýyl 3 müň 380 orunlyk täze umumybilim edaralaryny gurup, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, täze mekdeplerde okamagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär. Şunda ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar Watanymyzda ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, olaryň bilim öwrenmekleri, döwrebap hünärleri ele almagy üçin ähli amatly şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bilim ulgamynda giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle giň mümkinçilikleriň netijesinde okuwçylar, talyp ýaşlar döwrebap bilimleri özleşdirýärler. Häzirki wagtda döwrebap mümkinçiliklere eýe bolýan ýaşlarymyz halkara derejesindäki geçirilýän ders bäsleşiklerine gatnaşyp, mynasyp orunlara, baş baýraklara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa häzirki döwrüň ösüşlere beslenýändigini aýdyň beýan edýär.
Belent özgertmeleriň esasy maksady halkymyzyň medeniýetini, sungatyny gülledip ösdürmekdir, halkara derejesindäki abraýyny arşa götermekdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüşine goşant goşýan ýaşlarymyzyň üstünliklerini görüp guwanýarsyň, buýsanýarsyň. Çünki olar beýik ösüşlere goşant goşýan täze eýýamyň bagtyýar ýaşlarydyr.
Bilim ulgamynyň kämilligi ykdysadyýetiň ýokary derejede ösmeginiň esasy şertidir. Şonuň üçin hem bilimiň elýeterliligi, ýokary hilliligi döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň häzirki tapgyrynda örän möhümdir. Ýurdumyzda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän işleriň baş maksady bilim bermegiň ýokary hilini gazanmakdan, okuw işine döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu möhüm ulgamy kämil derejede ösdürmek esasynda ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak hem öňde durýan esasy wezipeleriň biridir.
Ajaýyp zamanada ylym-bilim ulgamy dünýä tejribesi bilen sazlaşykda ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň baş maksady ýurdumyzyň raýatlarynyň her biri üçin bilim almagyň elýeterliligini üpjün etmekden, bu ugurda öz ukyp-başarnyklaryny doly ulanyp bilmekleri üçin zerur bolan şert-mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr. Şeýle asylly maksatlara ýet- mekde bolsa dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarydyr okuw enjamlarynyň ulgama giňden ornaşdyrylmagyna, milli we dünýä tejribeleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Bu bolsa ýaş nesillere berilýän bilimiň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getirilmegine, bilim işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegine ýardam berýär.
Şeýle ajaýyp zamanada döwrebap bilim ojaklarynda okuwçylara berilýän bilimiň has-da çuňňur hem-de oýlanyşykly esasda berilýän döwründe surat we çyzuw sapaklarynyň okadylmagynyň ähmiýeti uludyr.
Surat we çyzuw sapaklary diňe bir kagyz ýüzüne şekil çekmek däl, eýsem adamyň aň-düşünjesiniň, döredijilik ukybynyň we dünýägaraýşynyň kemala gelmeginde düýpli orun tutýan ylymdyr. Bu sapaklar mekdep döwründen başlap, okuwçylaryň hem ruhy, hem-de intellektual taýdan ösmegine ýardam berýär.
Surat çekmek çaganyň we ýetginjegiň öz içki dünýäsini beýan etmeginiň iň täsirli usulydyr.
-
Erkin pikirlenme: Okuwçy belli bir kadalardan daşary çykyp, öz duýgy-düşünjelerini ulanmagy öwrenýär.
-
Innowasion çemeleşme: Täze şekilleri we reňk utgaşmalaryny tapmak ukyby geljekde islendik kärde täzeçil çözgütleri tapmaga kömek edýär.
Çyzuw sapagy takyklygy we giňişleýin pikirlenmegi talap edýär.
-
Üç ölçegli düşünje: Obýektleriň giňişlikdäki ýerleşişini, olaryň proýeksiýalaryny we göwrümini göz öňüne getirmek beýniniň analitiki bölegini işledýär.
-
Geometriýa bilen baglanyşyk: Çyzuw sapagy matematiki we geometrik bilimleriň iş ýüzünde ulanylmagydyr. Bu bolsa beýleki takyk ylymlaryň özleşdirilmegini ýeňilleşdirýär.
Bu sapaklar arkaly okuwçylar sungatyň dilini öwrenýärler. Daşky gurşawyň, tebigatyň we sungat eserleriniň gözelligine baha bermegi öwrenýärler. Dünýä we milli nakgaşlyk sungatynyň taryhy bilen tanyşmak arkaly umumy medeniýetliligi ýokarlanýar.
Ylmy barlaglar surat çekmegiň adamyň nerw ulgamyna oňyn täsir edýändigini subut edýär. Surat çekmek işi ünsüňi jemlemäge we gündelik işlerden saplanmaga kömek edýär. Döreden işiniň netijesini görmek we üstünlik gazanmak okuwçynyň özüne bolan ynamyny artdyrýar.
Häzirki zaman dünýäsinde çyzuw we dizaýn ukyplary köp sanly häzirki zaman hünärleriniň esasyny düzýär. Binagärlik (arhitektura), inženerçilik, grafiki dizaýn, moda dizaýny we oýun senagaty ýaly ugurlar gönüden-göni surat we çyzuw kadalaryna esaslanýar. Ownuk motorikanyň ösmegi, eliň hereketleriniň takyklygy lukmançylyk (hirurgiýa) ýaly inçe işlerde hem uly ähmiýete eýedir.
Dünýä belli meşhur hudožnik Pablo Pikassonyň belleýşi ýaly, “Sungat – bu ruhuň gündelik durmuşyň tozanyndan arassalanmagydyr.”
Netijede, surat we çyzuw sapaklary diňe bir “reňklemek” däl-de, eýsem dünýäni başgaça görmegiň we ony täzeden gurmagyň usulydyr. Bu dersler okuwçynyň diňe bir ýerine ýetiriji däl, eýsem dörediji şahsyýet bolup ýetişmegi üçin zerurdyr.
Mahlasy, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaşlaryň halkara derejesine laýyk gelýän döwrebap bilim almaklary, giň gözýetimli, zehinli nesliň kemala gelmegi üçin ähli şertleriň döredilendigi halkymyzy buýsandyrýar. Şeýle-de bilim ulgamyndaky ösüşler ýurdumyzyň edara-kärhanalaryny zerur bolan ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek mümkinçiligini döretdi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde netijeli çäreler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bilim ulgamyndaky bu özgertmeler biz — bilim işgärleriniň öňünde hem uly borçlary goýýar. Netijeli işleri amala aşyrmakda her birimiz öz ornumyzda berk durup, halal zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmaga çalyşmalydyrys.
Ýaş nesliň bilimli, berk bedenli, ýiti zehinli, dürli hünärlere höwesli bolup ýetişmekleri, mugallymlaryň yhlasly zähmet çekmekleri üçin ýokary mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Mahym Çerkezowa,
Aşgabat şäheriniň 25-nji orta mekdebiniň surat we çyzuw mugallymy.
