BIZNES

“Dolce Gabbana” markasy barada maglumat

“Dolce Gabanna” markasynyň ady Domenico Dolce we Stefano Gabbananyň dostlugyndan emele gelendir. Bu marka 1985-nji ýylda Italýada gurulýar.

Stefano Gabbana 1962-nji ýylda italýan modasynyň merkezi  Milano şäherinde eneden bolýar. Domenico Dolce bolsa 1958-nji ýylda Palermoda dünýä inýär. 1980-nji ýylda Dolce we Gabbana duşuşýarlar. 2 ýyl soňra bu dostlar öz tikinçilik öýüni açýarlar. 1985-nji ýylda  tikinçilik öýünde beýleki markalar üçin dizaýnlary taýýarlaýardylar.  1985-nji ýylda olar öz markalary bilen meşhurlyga tarap ýol açdylar. 1986-njy ýylda “Real Woman” atly zenanlara mahsus dizaýnlaryny  halka hödürlediler. 1889-njy ýylda Tokioda ilkinji dükanlaryny açyp, 1990-njy ýylda erkekler üçin hem egin-eşik dizaýn edip, öz  dükünlarynda sergä goýdular. 1994-nji ýylda D&G markasy halka hödürlenip başlap, 1992-nji ýylda bu marka atyr öndürip başlady .

Dolce  we Gabbana meşhur aýdymçy Madonnanyň egin-eşiklerini taýýarlap, hasam meşhurlyk gazandy. Uzak wagt Madonna  “Dolce Gabanna” markasynyň ýüzi boldy. Bu marka Missy, Elliot, Beyonce , Mary J. Blige, Brad Pitt, Bruce Willis, Victoria Beckham, Angelina Jolie ýaly birnäçe meşhurlaryň egin-eşiklerini dizaýn edýär.

Foto Habar: Dabaraly harby ýörişden pursatlar

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär