JEMGYÝET

Dünýäniň iň uly kitabynyň sahypasyny agdarmak üçin 6 adam gerek boldy

Szinpetri demirgazyk Wengriýada ýerleşýän kiçijik bir oba bolup 300- den hem az ýaşaýjysy bar. Ýöne bu kiçijik obajyk özüniň elde ýasalan dünýäde iň uly kitaplary bilen meşhur.

Göwrümi 4.18m x 3.77m. bolan bu kitap 71 ýaşly Bela Warga tarapyndan döredildi. Onuň agramy 1420 kilogram  bolup, 346 sahypadan ybarat. Kitabyň ady “Flora and Fauna” diýip atlandyrylýar we mazmuny şol ýerleriň arhitekturasy we gowaklary barada ýazlypdyr.

Bu kitap diňe bir özüniň göwrümi bilen meşhur bolman eýsem onuň ýasalyş aýratynlygy hem özüne çekijidir. Ýagny, bu kitap gadymy kodekslere meňzedilip agaç, gaýyş derisi ulanylypdyr.

Şeýle hem edil şol kitabyň kiçi görnüşi hem döredilipdir. Onuň agramy 11.4 kilograma deňdir. Warga bu döreden kitaby üçin Primer Minstrden aýratyn sowgat aldy.

Ýene-de okaň

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri