JEMGYÝET

Dünýäniň iň kiçi uçýan ulagy

Dünýä belli “Toyota” kompaniýasynyň döreden “SkyDrive” firmasy dünýäniň iň kiçi uçýan ulagyny synagdan geçirdi. Mundan ozal daşdan dolandyrmak arkaly adamsyz synag edilen bu ulag ilkinji gezek içi adamly ýagdaýda synag edildi.

Bu synag wagty ulagyň sagatda 150 kilometr tizlige ýetip bilýändigi mälim edildi. “Toyota”-nyň inŽenerlerinden ybarat bolan toparyň döreden firmasy 2023-nji ýylda ulagy satuwa çykarar. 2026-njy ýylda bolsa onuň yzygiderli önümçiligine girişer.

“Toyota” kompaniýasy 2017-nji ýylda bu taslama üçin 250 müň dollar gazna döredipdi. Entek bahasy näbelli bolan bu ulagyň Tokio ýaly ulag dyknyşygy köp bolýan iri şäherlerde has peýdaly boljakdygy aýdylýar

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi