DÜNÝÄ

Dünýäniň iň ýaş premýer-ministri

34 ýaşyndaky Sanna Marin Finlýandiýanyň premýer-ministri wezipesine saýlandy. Ol dünýäniň iň ýaş hökümet başlygy hökmünde taryhyň sahypalaryna öz adyny ýazdyrdy. Mundan ozal, iň ýaş premýer-ministr derejesi Ukrainanayň 35 ýaşyndaky hökümet başlygy Aleksiý Gonçaruga degişlidi.

Demirgazyk Ýewropada ýerleşýän Finlýandiýanyň hökümet baştutanlygynda 34 ýaşly zenan saýlandy. Ol ýurduň Sosial-demokrat partiýasynyň baştutanlygyna saýlandy. Ol mundan ozal ýurduň ulag ministri wezipesini alyp barýardy.

Sanna Mariniň dalaşgärligi ýurduň parlamenti tarapyndan tassyklandy. Parlamentiň deputatlarynyň 99-sy Sanna Marin üçin ses beren bolsa, 70-si oňa garşy çykdy. Şeýlelikde 5,5 million ilaty bolan Finlýandiýanyň hökümet başlyklygyna Sanna Marin saýlandy.

Ol 2015-nji ýylda deputatlyga saýlanypdy. Ol 27 ýaşynda öz dogduk şäheri Tamperiň şäher mejlisiniň baştutanlygyna saýlanyp, syýasy durmuşyna gadam basypdy.

Sanna Mariniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň düzüminde 12 zenan we 7 erkek ministr işlär.

22 aýlyk gyzy bolan Sanna Marin Finlýandiýanyň 3-nji zenan premýer-ministridir. Ony ejesi ulaltdy. Marin maşgalasynda ýokary bilim alan ilkinji agzadyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar