Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda keselleriň öňüni almak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, anyklaýyş-bejeriş işlerini kämilleşdirmek, döwrebap lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, derman senagatyny ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde eziz Diýarymyz sagdynlygyň mekanyna öwrüldi.
Ynsan ömrüniň bagtyýarlyga, ýaşaýşynyň abadanlyga beslenmeginde saglygyň gadyr-gymmaty bimöçberdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda halkymyzyň saglygy babatda taýsyz tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan ägirt uly işler bu gün ynsan saglygynyň kämil goraglylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, täze hassahanalar, dynç alyş-sagaldyş merkezleri we başga-da saglyk maksatly birnäçe binalar guruldy hem-de bu ugurda ýene-de ençeme desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.
Raýatlaryň, esasan hem, ýaş nesilleriň sagdyn, ruhubelent, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri, ýaramaz endiklerden daşda durmaklary babatda alnyp barylýan işler häzirki wagtda barha giň gerime eýe bolýar. Döwletimizde adam we onuň saglygy baradaky aladanyň elmydama üns merkezinde durýandygynyň güwäsine öwrülen bu işlere goşant goşmak her birimiziň borjumyzdyr.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda bejeriji dermanlaryň, melhemleriň tebigy bolmagyna has-da ähmiýet berilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyna aýratyn orun degişlidir.
Bu ylmy işde türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa barada söhbet açylýar. Ýerli dermanlyk otlaryň birnäçe görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň we miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby milli lukmançylygymyzy ösdürmek bilen, pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini jemleýän kämil nusgadyr. Kitapda dermanlyk ösümlikler barada ylmy nukdaýnazara esaslanýan maglumatlar berilýär.
«Adam özüniň ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlary tebigatdan alýar. Türkmen tebigaty bolsa dermanlyk ösümliklere örän baýdyr» diýip belleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bereketli türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýän bu ylmy-ensiklopedik işi daşary ýurt dillerine-de terjime edilip, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan höwes bilen okalýar hem-de öwrenilýär.
Halkyň saglygy barada yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyga beslenmegini arzuw edýäris.
Merjen Annamyradowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.