DÜNÝÄ

“Disneýlend” seýilgähi täzeden işine başlar

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän “Disney California Adventure” seýilgähi şu ýylyň ýaz paslyndan başlap täze peteklerini hödürlär diýip, “Forbes” žurnaly habar berýär. “Disneýlend” seýilgähiniň ýolbaşçysy Ken Potrok “Covid-19” pandemiýasy sebäpli hökümet işgärleri tarapyndan uzak wagtlap ýapylandan soňra seýilgähiň açyljakdygyny mälim etdi.

Mundan başga-da, Potrok “Disneýlend” seýilgähiniň 20 ýyllygy mynasybetli işgärlere ýazan hatynda çäklendirilen petek satuwyny yglan etdi we bu çäräniň mart aýynyň ortalarynda başlajakdygyny we göz öňüne tutulan howpsuzlyk çäreleri bilen hepdede birnäçe gün işlejekdigini aýdyp geçdi. Häzirki wagtda bu seýilgähde 230 sany işgär zähmet çekýär. Seýilgäh açylandan soňra 700 sany öň işsiz goýulan işgärlerini yzyna çagyrar. “Disney California Adventure” seýilgähi 2020-nji ýylyň mart aýyndan pandemiýa sebäpli ýapylandygyny ýatladýarys.

 

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri