JEMGYÝET

Diplomatiýanyň grossmeýsteri Kissinjer aradan çykdy

ABŞ-nyň ozalky daşary işler ministri Genri Kissinjer 100 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada “Kissinger Associates” guramasy habar berdi.

Diplomatiýanyň grossmeýsteri hökmünde kabul edilýän Dr. Genri Kissinjeriň Konnektikutdaky öýünde aradan çykandygy habar berildi.

Kissinjer ABŞ-nyň iň bir meşhur döwlet işgärleriniň biridir. ABŞ-nyň hem-de dünýäniň köp sanly ýurdunyň döwlet ýolbaşçylary onuň bilen yzygiderli syýasy maslahatlaşmalar geçirdi. Ol 1977-nji ýylda döwlet işini tamamlapdy.

Dünýäniň metbugat serişdeleri Kissinjeri “diplomatiýanyň grossmeýsteri”, “dünýä belli maslahatçy” we “daşary syýasatyň öňdebaryjysy” hökmünde atlandyrýar.

 Foreign Policy” žurnaly tarapyndan 2015-nji ýylda geçirilen pikir soraşmada, Genri Kissinjer soňky 50 ýylda ABŞ-nyň iň netijeli döwlet sekretary, ýagny daşary işler ministri derejesine eýe boldy.

Kissinjer parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesidir, şeýle hem ol Britan imperiýasynyň ordeni bilen sylaglanan döwlet işgärleriniň biridir. Şeýle hem ol köp sanly uniwersitetleriň hormatly nyşanlary bilen sylaglandy.
Şeýle hem Kissinjer ABŞ-nyň dünýä belli Garward uniwersitetinde syýasy ylym ugurnda doktorlyk derejesini alan syýasatçylaryň biridir. 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy