SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dawos forumy: «Sputnik V» sanjymyny 25 ýurt bellige alar

Her ýyl ýanwar aýynda Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde Bütindünýä ykdysady forumy ýa-da dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan Dawos forumy geçirilýär. Şu ýyl dünýädäki emele gelen koronawirus pandemiýasy sebäpli bu halkara forum onlaýn tertibinde geçirilýär.

Halkara hyzmatdaşlygy, ykdysadyýet, tehnologik ösüşler we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ara alnyp maslahatlaşylan forumynda koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek babatda hem çykyşlar diňlenilýär.

 “SPUTNIK V” SANJYMYNY 25 ÝURT BELLIGE ALAR

Russiýa tarapyndan işlenip düzülen «Sputnik V» sanjymynyň ýakyn hepdelerde 25-den gowrak ýurtda bellige alynjakdygy mälim edilýär. Bu barada Göni maýa goýumlaryň rus gaznasynyň (GMRG) baş direktory Kirill Dmitriýew Dawos şäherçesinde geçirilýän Bütindünýä ykdysady forumynda eden çykyşynda belläp geçdi.

– Bilşiňiz ýaly, “Sputnik V” sanjymymyz 14 ýurtda hasaba alyndy we ýakyn birnäçe hepdäniň içinde 25-den gowrak ýurtda hasaba alnar – diýip, Kirill Dmitriýew belläp geçdi.

Geçen ýylyň tomsunda Russiýa ilkinji bolup, “Sputnik V” sanjymyny hasaba alypdy. Ol 1957-nji ýylda Ýeriň ilkinji emeli hemrasynyň uçurylmagy bilen baglanyşykly “Sputnik V” hökmünde atlandyrylypdy. 18-nji ýanwarda Russiýada bu sanjym boýunça köpçülikleýin sanjyma girişildi.

Türkmenistan Merkezi Aziýa “Sputnik V” sanjymyny bellige alan ilkinji döwlet boldy.

SI SZINPIN: ADAMZAT KORONAWIRUSY ÝEŇIP GEÇER

Dawos şäherçesinde geçirilýän Bütindünýä ykdysady forumynda ilkinjileriň hatarynda onlaýn tertipde çykyş eden Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin adamzadyň koronawirusy ýeňjekdigine şek-şübhe ýokdugyny belledi.

– Dünýä pandemiýa garşy göreşde ilkinji üstünlikleri gazandy. Şeýle-de bolsa, soňky döwürde bu kesele duçar bolýanlaryň sanynyň köpelmegi göreşi dowam etdirmelidigimizi ýatladýar. Şeýle-de bolsa, gyşyň baharyň başlanmagyny duruzyp bilmejekdigine ynanýarys … Adamzadyň bu ýokanjy ýeňip, bu betbagtçylykdan has güýçli çykjakdygyna şek-şübhe ýok – diýip, Si Szinpin belledi.

25-nji ýanwarda başlanan Bütindünýä ykdysady forumy sanly konferensiýasy 29-njy ýanwara çenli dowam eder.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder