Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat zolagynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürmäge niýetlenen täze önümçilik desgasynyň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde Döwletli mekan obasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy il-ulsumyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Şu gün — 11-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň hem-de täze awtomobil köprüsiniň açylmagy mynasybetli dabaralar hem şanly senä bagyşlanan toý sowgatlarynyň üstüni ýetirdi.
Döwrebap durmuş düzümlerini özünde jemleýän Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary, dürli kärlerde zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdy. Açylyş dabarasy hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Gutlagda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde şatlyk-şowhuna beslenip, dabaraly açylýan täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň ýurdumyzyň depginli ösüşleriniň özboluşly beýany bolup durýandygy, bu şäherçäniň «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýändigi nygtalýar.
Soňra medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şatlyk-şowhunly aýdym-sazlarynyň astynda dabara gatnaşýan ildeşlerimiz täze, döwrebap şäherçede döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Şäherçede döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 400-si, geňeşligiň edara binasy, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, 420 orunlyk orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk medeniýet öýi, saglyk öýi, 500 orunlyk toý mekany, şeýle hem önümçilik maksatly häzirki zaman desgalary guruldy. Täze durmuş düzümleriniň gurluşygynyň başdan-aýak ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesinde häzirki zaman ýol-ulag, aragatnaşyk, suw, elektrik, gaz üpjünçilik hem-de lagym ulgamlarynyň göz öňünde tutulmagy, giň we yşyklandyryş ulgamy çekilen awtomobil ýollarynyň ugrunda gök zolaklaryň döredilmegi adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin mynasyp şertleriň döredilmegine oýlanyşykly çemeleşilendigini görkezýär.
Watanymyzyň ykdysady we döredijilik kuwwatynyň nyşany bolan täze obadyr şäherçeleriň açylmagy diňe bir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine, täze ilatly ýerleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berýär.