DÜNÝÄ

Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragyna girişildi

Ýurdumyzda galla oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga bir hepde öň başlan Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň yz ýany bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem bu asylly işe girişdiler. Galla oragy möwsümine başlamaga hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 26-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ak pata beripdi.

Şu möwsümde Daşoguz welaýatynyň ekerançylary 265 müň tonna däne taýýarlamagy maksat edinýärler. Ýerli gallaçylar bugdaýyň sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler. Galla möwsüminiň üstünlikli geçirilmegine tejribeli sürüjileriň we mehanizatorlaryň dolandyrmagynda daşary ýurtlaryň galla ýygýan kombaýnlary, ýokary öndürijilikli tehnikalary goşant goşar.

Balkan welaýatynyň gallaçylary barada aýdylanda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, olaryň galla boýunça döwlet borçnamasy 80 müň tonna dänä barabardyr. Günbatar sebitde ýokary hasyly ösdürip ýetişdirmek üçin meýilnamanyň ýerine ýetirilmegi, agrotehniki kadalaryň takyk berjaý edilmegi we güýzlük bugdaýa ideg ediş çäreleriniň geçirilmegi babatda köp işler amala aşyryldy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri