JEMGYÝET

Da­şo­guz we Bal­kan we­la­ýat­la­ryn­da bug­daý ora­gy baş­lan­dy

Ýur­du­my­zyň Da­şo­guz we Bal­kan we­la­ýat­la­ry­nyň bug­daý meý­dan­la­ryn­da orak möw­sü­mi­ne ba­dal­ga be­ril­di. 29-njy maý­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň be­ren ak pa­ta­syn­dan ruh­la­nan eke­ran­çy­lar ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len be­re­ket­li bug­daý ha­sy­ly­ny gys­ga wagt­da we ýit­gi­siz ýyg­nap al­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler.

2025-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň gal­la­çy daý­han­la­ry­nyň 690 müň gek­tar ýer­den azyk­lyk bug­da­ýyň 1 mil­lion 400 müň ton­na­sy­ny ýyg­nap al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­mek ge­rek.

De­mir­ga­zyk se­bi­tiň eke­ran­çy­la­ry­nyň öňün­de 145 müň gek­tar bug­daý eki­len meý­dan­dan 265 müň ton­na ha­syl al­mak we­zi­pe­si goý­lan­dyr. Gün­ba­tar se­bi­tiň gal­la­çy­la­ry ba­ra­da aý­dy­lan­da, ola­ryň döw­let öňün­dä­ki borç­na­ma­sy 50 müň gek­tar ýer­den 80 müň ton­na bug­daý ha­sy­ly­ny al­ma­ga deň­dir.

Asyl­ly dä­be gö­rä, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar Be­ýik Bi­ri­bar­dan ha­syl möw­sü­mi­niň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ni di­leg et­di­ler. Soň­ra il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar ýaş nes­liň we­kil­le­ri­niň uza­dan orak­la­ry­ny alyp, “Har­ma­ny­ňy­za be­re­ket, çä­ji­ňi­ze be­re­ket!” di­ýen söz­ler bi­len il­kin­ji bug­daý sün­bül­le­ri­ni or­du­lar hem-de or­lan bug­daý bog­da­gy­ny kom­baýn­çy­la­ra ber­di­ler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri