PEÝDALY MASLAHAT

Daşary ýurtda okaýanlar üçin harby gulluk barada soraglara jogaplar

Harby gulluk barada okyjylarymyzdan gelýän soraglary hasaba alyp, www. milligosun.gov.tm saýtyndaky maglumatlary Size ýetirýäris.  Şonda esasan hem daşary ýurtda  we ýurdumyzda bilim alýan talyplary gyzyklandyrýan soraglara jogaplary Size ýetirýäris. Maglumatlar 20.09.2023 senesinde  agzalan saýtdan alyndy,

 

Men öz hasabyma daşary ýurdyň ýokary okuw mekdebinde okaýaryn we gyşky ýa-da tomusky dynç alyş rugsadyma gelenimde, meni harby gulluga alyp giderlermi?

“Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň (internaturalar, aspiranturalar, doktoranturalar muňa girmeýär), orta hünär okuw mekdepleriniň gündizki bölüminde okaýan raýatlara, eger olar öň şeýle okuw mekdeplerinde okamadyk bolsalar – okuwyň möhletine barabar, ýöne 26 ýaşdan geçmedik raýatlaryň çagyryş boýunça harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilýär.

 

 Ýurdumyzyň haýsy ýokary okuw jaýlarynda harby kafedralar bar?

“ätiýaçlykdaky serkerdeleri we raýat goranyşynyň şepagat uýalaryny taýýarlamak boýunça okuw merkezini döretmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2014-nji ýylyň 4-nji noýabrynda çykaran 13940-njy kararyna laýyklykda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bar bolan harby kafedralar ýapylyp, Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň düzüminde ätiýaçlykdaky serkerdeleri we raýat goranyşynyň şepagat uýalaryny taýýarlamak boýunça okuw merkezi döredildi we häzirki wagtda şol Okuw merkezinde Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplary zerur bolan harby hünär ugurlary boýunça taýýarlanylýar.

 

 Näme sebäpden ýokary okuw jaýlaryny tamamlanlara harby gullugyň möhleti 2 ýyl edildi?

“Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 35-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendinde ýokary bilimi bolup, çagyryş boýunça harby gullugy geçýänler üçin – 12 aý diýlip görkezilen bendi güýjüni ýatyrdy.

 

 Daşary ýurtlarda okaýan, çagyryş boýunça harby gullugy geçmedik talyplar nähili ýagdaýda harby gulluga çagyrylman okuwyny dowam etdirip bilerler?

Raýatlary harby gulluga çagyrmak hakyndaky düzgünnamanyň 12-nji goşundysyna laýyklykda raýatlar okuwyny dowam etdirmekleri üçin, olaryň okaýandyklary barada daşary ýurtlaryň bilim edaralaryndan berlen kepilnamanyň ýa-da resminamanyň esasynda harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilýär. Raýatlar, olaryň ata-eneleri, ýakyn garyndaşlary ýa-da kanuny wekilleri tarapyndan her ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda harby hasapda durýan harby wekilliklere tabşyrylmalydyr.

 

Aspiranturany okan raýatlar harby gulluga çagyrylýarmy?

“Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasynyň 5-nji bendinde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde tassyklanylan alymlyk derejesi bolan raýatlar harby gulluga çagyryşdan boşadylýar diýlip görkezilen.

 

Raýat 17 ýaşynda öz islegi boýunça çagyryş boýunça harby gulluga ugradylyp bilnermi?

“Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 17-nji maddasyna laýyklykda ýaşy 18-den 27-ä çenli bolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýat harby gulluga çagyrylmaga degişlidir. Raýaty harby gulluga çagyrmak hakynda çözgüt ol 18 ýaşyny dolduranyndan soň kabul edilip bilner.

 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda näçe ýaş aralygyndaky raýatlar harby gulluga çagyrylýar?

 

“Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 17-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda ýaşy 18-den 27-ä çenli bolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýatlar çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmaga degişlidir.

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik