Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Türkmenistanyň gadymdan gelýän baýramynyň — Nowruz baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli, Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we Siziň üstüňiz bilen Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şol döwrüň dowamynda hytaý-türkmen gatnaşyklary işjeň ösdürilip, iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda belent sepgitlere ýetildi. Hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin hem-de Siziň bilen iki ýurduň halklarynyň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalara taýýardyryn.
Size berk jan saglyk hem-de rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýän Bahar baýramy adamlary ýagşy işlere, özara düşünişmäge, goldaw bermäge we raýdaşlyga çagyrýar.
Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň Nowruzyň gadymy däpleri bilen ýaşaýan halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.
Bu nurana baýram gününde Size berk jan saglyk, işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Size we Siziň üstüňiz bilen dostlukly Türkmenistanyň ähli halkyna pederlerimiziň gadymdan gelýän baýramynyň — Nowruz baýramynyň gelmegi mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Bu gün halkara baýram derejesine eýe bolan gadymy Nowruz baýramynyň öz ruhy many-mazmuny bilen adamzadyň bähbidine gulluk etmegini dowam edýändigi guwandyryjydyr.
Häzirki döwrüň çylşyrymly durmuş-ykdysady we geosyýasy şertlerinde Bahar baýramynyň täzelenişiň hem-de döredijiligiň, parahatçylygyň we asudalygyň, dostlugyň hem-de jebisligiň, özara düşünişmegiň we raýdaşlygyň, özara hormat goýmagyň hem-de goldaw bermegiň beýik taglymlaryny alamatlandyrýan umumadamzat gymmatlyklary aýratyn ähmiýete eýedir.
Täjik-türkmen dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň Nowruz baýramynyň asylly däplerine eýermek arkaly, halklarymyzyň esasy bähbitlerine laýyklykda, mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine berk ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnuklylyk, rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Gyrgyz halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Goý, medeniýetimizi we iň gowy däplerimizi şöhratlandyrýan bu Bahar baýramy halklarymyzyň dostlugyny pugtalandyryp, rowaçlyk we abadançylyk getirsin!
Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk,bagtyýarlyk we döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident!
Türkmenleriň gadymy baýramynyň — Nowruz baýramynyň gelmegi mynasybetli, Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna gutlaglarymy beýan edýärin.
Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Siziň bilen däp bolan dostlugy pugtalandyrmaga hem-de ýakyn gatnaşyklary saklamaga, iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi dowam etmäge taýýardyryn.
Size berk jan saglyk we rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.
Li Kesýan,
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Gadymy taryhymyzda hem-de müňýyllyklara uzaýan medeni mirasymyzda doganlygyň, söýginiň, parahatçylygyň we rowaçlygyň nyşany hökmünde orun eýeleýän Nowruz baýramyny bellemek üçin ýene-de dörän mümkinçilige örän şatdyrys.
Nowruz baýramyny türki dünýäniň umumy gymmatlygy hökmünde bellemek biziň üçin aýratyn buýsançlydyr.
Baharyň hem-de tebigatyň janlanmagynyň buşlukçysy bolan Nowruz baýramynyň raýdaşlyk we doganlyk duýgularymyzy pugtalandyrjakdygyna hem-de türki dünýä rowaçlyk, bereket, bagtyýarlyk we parahatçylyk getirjekdigine umyt edýärin.
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasy bilen syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürjekdigine berk ynanýaryn.
Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk hem-de rowaçlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Bagdad Amreýew,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.