DÜNÝÄ

Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistana gelmegi we Türkmenistandan gitmegi

Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistana gelmek üçin wiza esasynda Türkmenistanyň çäklerine gelip we onda bolup bilerler.

Degişli wizalary bar mahaly daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň Döwlet serhedinde halkara gatnawlary üçin açylan gelip-gidýänlere gözegçilik postlarynyň üsti bilen ýaşyna garamazdan özlerine aýrybaşga resmileşdirilen hakyky daşary ýurt pasportlary boýunça, raýatlygy bolmadyk adamlar bolsa, özleriniň hemişelik ýaşaýan ýurtlarynyň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen şahsyýetine güwä geçýän hakyky resminamalar boýunça Türkmenistana gelýärler hem-de Türkmenistandan gidýärler.

Halkara sport çäreleriniň geçirilýän döwründe akkreditasiýa şahadatnamalary bar mahalynda daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar hakyky daşary ýurt pasportlary ýa-da olaryň ornuny tutýan resminamalar esasynda wizasyz Türkmenistana gelýärler we Türkmenistandan gidýärler.

“Türkmenistanyň hormatly raýaty” diýen ada mynasyp bolan daşary ýurt raýaty “Türkmenistanyň hormatly raýaty” diýen ada berlen şahadatnamany görkezip, hakyky daşary ýurt pasporty ýa-da onuň ornuny tutýan resminama esasynda Türkmenistana gelýär we ondan gidýär. Şu halatda daşary ýurt raýaty Türkmenistana wizasyz gelip biler.

Türkmenistana ýaşamak üçin gelýän daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň gelmegi we onda bolmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama esasynda amala aşyrylýar.

Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar şu halatlarda Türkmenistandan çykyp gitmäge borçludyrlar:

– wizanyň, ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti tamamlananda;

– wizany, ýaşamak üçin ygtyýarnamany uzaltmak hakyndaky towakganamalary kanagatlandyrylman galdyrylanda;

– olaryň ýurduň çäginde bolmaly möhleti gysgaldylanda ýa-da olara berlen wiza, ýaşamak üçin ygtyýarnama ýatyrylanda;

– şeýle hem beýleki esaslar bilen kesgitlenen Türkmenistanda bolmaly möhleti tamamlananda.

Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmek

Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň çäginden  üstaşyr geçýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üstaşyr geçmegiň düzgünlerini berjaý etmelidirler we bellenen ugur boýunça geçmelidirler. Olar Türkmenistanyň çäginde üstaşyr geçmegiň wizasynda görkezilen möhletden artyk diňe wizanyň möhletiniň uzaldylan halatynda saklanyp bilerler.

Türkmenistanyň çäklerinde hereket etmek

Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çäklerinde daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň barmagy üçin açyk bolan ýerlere erkin baryp we hereket edip bilerler.

Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň barmagy üçin ýapyk bolan ýere olaryň barmagy we şol ýerde hereket etmegi  Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda rugsat almak bilen amala aşyrylýar.

Bizi Sosyal Medyadan Takip Edin!

Resmi Instagram Hesabımız için :

https://www.instagram.com/atavatanturkmenistan/

Resmi  Facebook Hesabımız için  :

https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/

Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :

https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

IMO Hesabı : +993 65 80 24 70

 

Ýene-de okaň

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler