SIZDEN GELENLER

 Dal bedewim – syrdaşym,  Alabaýym – gardaşym  

         Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döredip, dünýä giňişliginde üýtgewsiz ykrarnama eýe bolan milli gymmatlyklaryna uly sarpa goýulýar. Bu bolsa biziň her birimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Şeýle gymmatlyklarymyzyň sarpasynyň gün-günden belende göterilmegi ýaş nesilleriň aňynda pederlerimiziň irginsiz zähmeti bilen döreden beýik işlerine bolan çäksiz hormatynyň artmagyna getirýär.

Dünýäni haýrana goýan, üsti Süleýmanyň tagtyna deňelen, ir turup ataňdan soň görülen türkmen bedewleri hakynda gürrüň edilse, ilki bilen Göroglynyň uçar ganaty, ýowuz günde ýoldaşy bolan Gyraty, Ata Gowşudowyň “Dordepeli” ýadyňa düşýär. Lälezar sähramyza ajaýyp görk berýän, şan-şöhraty rowaýata öwrülen bedewlerimize halkymyz uly ähmiýet beripdir. Türkmeniň ykbalynda atlaryň şeýle uly orun eýelemegi ýöne ýerden däldir. Ýagny, gadymy döwürlerden bäri halkymyz türkmen bedewleriniň keşbini heýkeltaraşçylyk, küýzegärçilik, senetkärçilik, suratkeşçilik ýaly sungatlaryna içgin aralaşdyryp, taryhy ýadygärliklerimizde şöhlelendiripdirler. Bu bolsa behişdi bedewlerimiziň taryhy döwürlerde-de ynsanyň baş hemrasy, jana-jan dosty, ýakyn ýoldaşy bolandygyna aýdyň nyşan bolup durýar. Halkymyz öz bedew atyny hiç wagt haýwan hasaplamandyr, ony özüne wepaly syrdaşy, hemdemi hasaplapdyr. Täze dünýä inen taýçanaklary eý görüp, gözüniň göreji saýypdyrlar, öz perzentleri ýaly apalapdyrlar, olara at dakypdyrlar. Özüni owadanlykda, ýyndamlykda , çydamlylykda tanadan bedewlerimiz gerek ýerinde bars, gaplaň ýaly ýyrtyjy haýwanlar bilen hem ýüzleşip, olardan rüstem gelmegi başarypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, ,,Ganatly bedewler”, ,,Atda wepa-da bar, sapa-da” ýaly kitaplarynda-da belleýşi ýaly, dünýäde iň ýyndam we gözel atlar hökmünde uly şan-şöhrata eýe bolan türkmen bedewleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli toý- baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Hakykatdan-da ýurdumyzda giňden toýlanýan Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli gurnalýan çäreleriniň  maksatnamasynyň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisiniň, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň, “Türkmen bedewi we dünýä seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahatynyň, uzak aralyga atly – marafon we beýleki atçylyk sportuna degişli ýaryşlaryň geçirilmegi baýramçylyklaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Alabaý itleri hem gamyşgulak bedewleri ýaly halkymyzyň taryhy dostudyr. Bu hakykata esaslanýan gymmatly maglumatlar ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde yzygiderli ýüze çykarylýar. Marguşda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň birinde itiň mazarynyň tapylmagy gadymy türkmen alabaýlaryna goýulan sarpanyň nyşanydyr. Alabaýyň adam derejesinde sarpalanmagynyň özi onuň halkyň emlägini, döwlet serhetlerini goramakda, şeýle-de ynsana wepaly dost bolmakda uly ähmiýetiniň bolanlygyndadyr. Halkymyzyň “It geldi – gut geldi” diýen paýhasly jümlesinde çuňňur many saklanýar. Bu jümle alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aňladýar. “Gut” sözüniň it bilen baglanyşdyrylmagynyň halkymyzyň alabaý itlerini saklamagy, olary bagt bilip, olar hakynda oňyn düşünjede bolandyklaryny äşgär edýär.

Eýesine wepalylygy, garadangaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, hojaýynynyň ardynjyramasyndan onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Ata-babalarymyz awa çykanlarynda, uzak ýaýlalara mal bakmaga gidenlerinde öýleriniň ýa-da goşlarynyň, düşelgeleriniň gapysyna gulp urmandyrlar. Olaryň yzynda wepadar goragçylary – alabaýlary galypdyrlar. Alabaýlara maşgala howpsuzlygy doly ynanylypdyr. Şeýlelikde, gadym wagtlardan bäri alabaý köpekleri sakçy, garawul hökmünde-de peýdanylypdyr. Häzirki wagtda-da türkmen alabaýlary harby gullukçylaryň wepaly hemrasy bolup durýar. Watan goramakda alabaý itleriniň abyrsyz goşandy bar. Bu barada mähriban Arkadagymyz “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda hem nygtap geçýär.

Ýene-de bir taryhy hakykaty aýratyn bellemek gerek. Türkmen alabaýlary Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hem özleriniň adamyň ygtybarly, wepaly kömekçisidigini kemsiz subut edýär. Türkmenistandan urşa diňe bir esgerler däl, eýsem, batyrgaý itlerem ugradylypdyr. Dürli tohumlardan bolan itleriň 70 müň sanysy şir ýürekli gerçek ýigitler bilen birlikde Moskwadan Berline çenli söweş ýoluny geçdiler.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň saýasynda öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan edebi mirasymyzy öwrenmäge, gaýtadan dikeltmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Edebi mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy dünýä halklary öwrenýär. Şol sanda gamyşgulak bedewlerimiziň, alabaý itlerimiziň sarpasy, waspy gün-günden artýar. Diňe bir eziz Diýarymyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde türkmen  alabaýalarymyz, dal bedewlerimiz wepalylygyň, gözelligiň nusgasy bolup durýar.

Bu işleriň sakasynda bolsa Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bar. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak belent başy aman, il bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

                                                         Gyzlargül ANNAGURDOWA,

                                      Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                                               Halkara gatnaşyklary institutynyň

                                        Halkara žurnalistikasy fakultitetiniň talyby.

 

 

Russiýa 6 döwlet bilen uçar gatnawlaryny ýola goýýar

 

 

 

Ýene-de okaň

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat

Dil – giň dünýägaraýşyň açary

Ynsan saglygy – ýurdumyzyň baýlygy

Ýaşlaryň bilimini ösdürmekde dil biliminiň orny